Super “Barselona”

Ispaniýanyň Super Kubogyna “Barselona” topary mynasyp boldy.Katalonlar Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýaddaky Şa Fahd stadionynda 57 müň 340 janköýeriň şaýatlygynda oýnalan finalda “Real Madridi” 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Barselonanyň” doly artykmaçlygynda geçen oýunda 33-nji minutda Lewandowskiniň pasyndan soň Gawi, 45-nji minutda Gawiniň pasyndan soň Lewandowski, 69-njy minutda-da ýene-de Gawiniň pasyndan soň Pedri tapawutlandy. “Real Madridiň” ýeke-täk goluny 90+3-nji minutda Karim Benzema geçirdi. Şunlukda, 3-1 hasabynda ýeňşini baýram eden “Barselona” 4 ýyldan soň 14-nji gezek Ispaniýanyň Super Kubogyny gazandy.

Bu ugurda “Real Madrid” 12 kubok bilen 2-nji ýeri eýeleýär.

Hawi “Barselonanyň” tälimçisi hökmünde ilkinji kubogyny gazandy. “Real Madridiň” tälimçisi Karlo Ançelotti bolsa 13 ýyldan soň ilkinji sapar finalda utuldy.Italiýaly hünärmen soňky gezek 2010-njy ýylda “Çelsi” bilen “Mançester Ýunaýttedden” Angliýanyň Super Kubogy duşuşygynda asgyn gelipdi. “Barselonanyň” ýarymgoragçysy Buskets 45-nji gezek “El Klasikoda” çykyş edip, bu ugurda Lionel Messi hem-de Serhio Ramosyň rekordyna şärik boldy.

Ispaniýanyň Super Kubogy duşuşygy 4-nji gezek ýarym final we final görnüşde geçirildi. 3-nji gezek Saud Arabystanynda geçirilen ýaryşda ýeňijä araplar 2 million ýewro pul baýragyny berer. Finalçy 1,4, ýarym finalda utulanlar bolsa 800 müň ýewro pul baýragy bilen sylaglanar.

Ýene degişli makalalar

Şu gün "Kamp Nou-da" möwsümiň ilkinji “El Klasiko” duşuşygy geçiriler
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Ançelotti: Ronaldunyň döwri geçip barýar
Real Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Reala kyn günler garaşýar