Real Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi

Real Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi

Ispaniýanyň Real kluby Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Saud Arabystanynyň Al-Hilal toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, Karlo Ançelottiden tälim alýan topar öz taryhynda bäşinji gezek Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kubogyna eýe çykyp, bu ugurdaky rekordy täzeledi.

Madridlileriň ýarymgoragçysy Toni Kroos bolsa Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altynjy gezek çempion bolan ilkinji oýunça öwrüldi.Ol bu baýraga bäş gezek Realyň, bir gezek bolsa Bawariýanyň düzüminde mynasyp boldy.

Mundan başga-da, ispan klubynyň hüjümçisi Karim Benzema hem nobatdaky üstünlik arkaly toparyň düzüminde gazanan titullarynyň sanyny 25-e ýetirip, Realyň lybasynda iň köp kubok gazanan oýunçy hökmünde taryha girdi.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň çempionlygy Real üçin umumylykda alnanda 100-nji kubok boldy. Şol kuboklaryň 31-si Florentino Peresiň topara ýolbaşçylyk eden döwründe gazanyldy. Şunlukda, Peres klubyň ýolbaşçylygynda iň köp kubok gazanmak boýunça Santýago Bernabeudan öňe geçip, bu ugurda ýeke-täk lidere öwrüldi.

Maglumat üçin, Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň 2023-nji ýyldaky aýgytlaýjy duşuşygynda sekiz gol urlup, ol ýaryşyň iň köp gol urlan finaly hökmünde taryha girdi.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy
Şu gün ÝÇL-iň 1/8 finaly badalga alar (seljerme)
BMW “Real Madridiň” futbolçylaryna elektroulag sowgat berdi
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Mbappe PSŽ-den gitmek isleýär