BMW “Real Madridiň” futbolçylaryna elektroulag sowgat berdi

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň esasy düzüminiň oýunçylaryna hem-de tälimçisine Germaniýanyň meşhur awtomobil brendi BMW özüniň täze elektroulaglaryny sowgat berdi.

Ulaglarynyň alyp surata düşenleriň arasynda Karlo Ançelotti, şeýle-de futbolçylardan Bellingam, Kamawinga, Kroos, Güler, Winisius Junior dagy bar.

Kompaniýa topar bilen hemaýatkärlik şertnamasynyň çäginde futbolçylara berlen ulaglaryň arasynda “BMW i4 M50”, täze görnüşli “BMW i4 eDrive35”, “BMW XM”, “BMW iX M60”, “BMW IX xDrive50” görnüşli kysymlary bar. Ulaglaryň bahalary-da 100-150 müň ýewro aralygyndaky elektroulaglardygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Çempionlar Ligasynyň ýeke-täk hojaýyny “Real Madrid”
Krossower ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan ulag boldy
Real Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi