“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy

UEFA Çempionlar Ligasynda “C” toparçada “Real Madrid” öz meýdançasynda “Bragany” 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 6-njy minutda “Bragadan” Alwaro Jalonyň penaltini dürs urup bilmedik (derwezeçi saklady) oýnunda, “Real Madridiň” gollaryny Brahim Diaz (27), Winisius Junior (58) hem-de Rodrigo (61) geçirdi. “Real Madrid” topary 28-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda (27-si yzly-yzyna) bassyr 27-nji gezek toparçadan çykmagy başardy.

Bu Karlo Ançelottiniň UÇL-däki 116-njy ýeňşi bolup, ol bu ugurda Ser Aleks Fergusonyň rekordyny täzeledi.

Öz meýdançasynda “Union Berlin” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Napoliniň” 1/8 finala çykmak arzuwy 5-nji duşuşyklara galdy. Politanonyň 39-njy minutdaky goluna 52-nji minutda Fofananyň goly bilen jogap beren “Union Berlin” UÇL-däki ilkinji utugyny gazandy.

“B” toparçada “Arsenal” Sakanyň 1 gol geçirip, 1 goluň pasyny beren oýnunda “Sewilýany” 2-0 hasabynda ýeňdi. Londonlylaryň beýleki goluny Trossar geçirdi. PSW topary-da Luuk de Ýonguň 12-nji minutdaky goly bilen “Lansy” 1-0 hasabynda utdy. Bu eýndhowenlileriň toparçalardaky 15 oýundan soň ilkinji ýeňşi boldy.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
16 duşuşyk 48 gol
London we Mançester derbileri
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli