London we Mançester derbileri

Iki hepdelik arakesmeden soň Ýewropada milli çempionatlar galan ýerinden dowam eder. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda nobatdaky tapgyrda-da futbol janköýerlerine biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar. Şolaryň iň esasy ikisi Angliýanyň Premier Ligasynda bolar. 1-nji oktýabrda oýnaljak Demirgazyk London derbisinde sanawyň lideri Arsenal ýeňlişsiz barýan Tottenhamy kabul eder. 16:30-da başlanjak duşuşyk olaryň arasyndaky 192-nji resmi duşuşyk bolar.

Mundan öňki oýunlarda Arsenal 79, Tottenham 61 gezek ýeňiş gazandy (51 deňlik).Gollarda 290-255 Arsenal öňde barýar. Şeýle-de, Premier Ligada ýene bir derbi bolup, Mançester derbisinde ýeňlişsiz barýan Siti möwsüme şowsuz başlap, soňlugy bilen özüni dürsän Ýunaýtedi kabul eder. 2-nji oktýabrda, ýekşenbe güni oýnaljak duşuşyk 18:00-da başlar.

Iki topar şu wagta çenli özara 187 duşuşyk geçirdi. Şolarda Ýunaýted 77, Siti 57 gezek ýeňiş gazandy (53 deňlik). Ýunaýtediň 266 goluna Siti 257 gol bilen jogap berdi.

“Serie A”-da “Inter” “Romany” kabul edýär

Italiýanyň çempionaty Serie A-da çempionlygyň 2 esasy dalaşgäri Inter bilen Romanyň arasyndaky duşuşyk tapgyryň merkezi oýny hasaplanýar.Juseppe Meazza stadionynda oýnaljak duşuşyk 1-nji oktýabrda 21:00-da başlar.

Türkiýäniň çempionatynda-da 2 duşuşyk köpleriň üns merkezinde bolar.Stambul derbisinde Beşiktaş Fenerbahçeni kabul etse (2-nji oktýabr, 22:00), sanawyň lideri Adana Demirspor öz meýdançasynda 2-nji ýerdäki Galatasaraý bilen duşuşar (1-nji oktýabr, 22:00).

30-njy sentýabr:

Bawariýa Baýer (23:30),

Porto Braga (01:15)

1-nji oktýabr:

Arsenal Tottenham (16:30),

Napoli Torino (18:00),

Liwerpul Braýton (19:00),

Kristal Palas Çelsi (19:00),

Inter Roma (21:00),

Sewilýa Atletiko Madrid (21:30),

Adana Demirspor Galatasaraý (22:00),

Empoli Milan (23:45),

Malýorka Barselona (00:00),

PSŽ Nissa (00:00),

2-nji oktýabr:

Mançester Siti Mançester Ýunaýted (18:00),

Atalanta Fiorentina (21:00),

Beşiktaş Fenerbahçe (22:00),

Lans Lion (23:45),

Real Madrid Osasuna (00:00)

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň çempionlary “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda belli bolar
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymy Ýewropa futbolyny göni ýaýlymda görkezmegini dowam edýär
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
16 duşuşyk 48 gol