Ýewropanyň çempionlary “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda belli bolar

Futbol boýunça Ýewropa ýurtlarynyň milli çempionatlary ahyrlap barýar.Häzirki wagtda Ýewropanyň TOP 5 ligasynda diňe Italiýanyň çempiony belli boldy.Galan 4-siniň çempionlary-da öňümizdäki günlerde belli bolar. Ýöne şu hepdäniň ahyrynda şolaryň ikisiniň belli bolmagyna garaşylýar.

Futbol janköýerleri-de “Türkmenistan sport” teleýaýlymy arkaly şol taryhy pursatlara şaýatlyk edip bilerler. “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda nobatdaky tapgyrlaryň oýunlaryna şu gün badalga berler. Şu gije Fransiýanyň çempionatynda çempionlyk ugrunda öňde barýan “Lill” topary bilen Ýewropa ligasyna gatnaşmak isleýän “Lansyň” myhmany bolar we “Derby du Nord”, ýagny Demirgazyk derbisi Aşgabat wagty bilen ýarygijede (00:00) başlar hem-de “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler.

Şeýle-de, Germaniýanyň “Bundesligasynda 31-nji tapgyrda “Maýnsdan” 2-1 utulan “Bawariýa” şonda çempionlygy soňa süýşüripdi. Münhenliler 32-nji tapgyrda öz meýdançasynda özüniň ezeli hem-de köne bäsdeşi “Borussiýa M” toparyny kabul eder. Aşgabat wagty bilen 8-nji maýda, şenbe güni 21:30-da başlanjak oýun “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler.

“Barselona” “Atletiko”

“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek çempionlygy kesgitläp biljek ýene bir oýun hem “La Liganyň” 35-nji tapgyrynyň merkezi duşuşygydyr. Ýagny ertirki, 8-nji maý şenbe güni oýnaljak “Barselona”“Atletiko” oýny bolup, Aşgabat wagty bilen 19:15-de başlanjak duşuşyk hem “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda efire berler.

“Ýuwentus” “Milan”

Hepdäniň ýekşenbe güni, 9-njy maýda başga bir çempionatyň esasy duşuşygy hem “Türkmenistan sport teleýaýlymynyň efirinde bolar. Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da edil çempionlygy kesgitlemese-de 2-nji orun ugrunda göreşýän ýurduň iki güýçli topary “Ýuwentus” bilen “Milan” özara güýç synanyşar. Duşuşyk 23:45-de başlar.

Bulardan başga-da 8-nji maýda, şenbe güni “Alawes” “Lewante” (17:00), “Atletik Bilbao” “Osasuna” (00:00), 9-njy maýda, ýekşenbe güni bolsa, “Sent-Etien” “Marsel” (16:00), “Roma” “Krotone (21:00) duşuşyklary hem “Türkmenistan sport” teleýaýlym arkaly göni efirde futbol muşdaklarynyň dykgatyna ýetiriler.

“Mançester Siti” “Çelsi”, “Galatasaraý” “Beşiktaş”, “Real Madrid” “Sewilýa”

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda bulardan başga-da biri-birinden gyzykly bolmagyna garaşylýan oýunlar hem oýnalar.Angliýanyň çempionaty Premier Ligada Çempionlar ligasynyň hem finalçylary bolan “Mançester Siti” bilen “Çelsi” özara duşuşarlar. Şenbe güni 21:30-da başlanjak oýunda “Mançester Siti” ýeňiş gazanan ýagdaýynda çempionlygyny yglan eder. Ýene-de Angliýada 9-njy maýdaky “Aston Willa” “Mançester Ýunaýted” (18:05), “West Ham” “Ewerton” (20:30) oýunlary-da hepdäniň beýleki esasy duşuşyklary hasaplanýar.

Ispaniýanyň “La Ligasynda” bu tapgyrda öňdebaryjy 4 toparyň özara duşuşygy tapgyryň iň esasy oýunlary bolar. “Barselona”“Atletiko” duşuşygy deýin möhüm ýene bir oýun hem 9-njy maýdaky “Real Madrid”“Sewilýa” duşuşygydyr (00:00). Edil şol wagtda başlanjak ýene bir oýun Fransiýada bolup, PSŽ myhmançylykda “Renn” bilen özara güýç synanyşar.

Türkiýede hem 8-nji maýdaky “Galatasaraý”“Beşiktaş” duşuşygynda çempion belli bolup biler.Myhmanlar ýeňiş gazanan ýagdaýynda onda olar wagtyndan öň nobatdaky çempionlyklaryny yglan ederler.Niderlandlarda hem “Feýenoord”“Aýaks” duşuşygy köpleriň üns merkezinde bolar (9-njy maý, 17:30). “Bundesligada” “Borussiýa Dortmund “Leipsig” oýny, kubogyň finalçylarynyň arasyndaky oýun hem tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biridir (8-nji maý, 18:30).

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Türkmenistan: Sport bu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 15 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary
London we Mançester derbileri
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymy Ýewropa futbolyny göni ýaýlymda görkezmegini dowam edýär
90 ýyllyk “La Liga”