“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary

Futbol janköýerleri iki hepdä golaý milli ýygyndy arakesmesinden soň, özleri üçin has gyzykly bolan klub futbolyna dolanarlar. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda birnäçe duşuşyklar ünsleri özüne çekýär. Aýratynam öňdäki orunlarda barýan klublaryň özara duşuşyklary hem-de derbi oýunlary janköýerlere garaşýar.

“Lester” “Mançester Sitini”, “Arsenal” “Liwerpuly” kabul eder

Angliýanyň “Premier Ligasynda” tapgyryň iň esasy oýny möwsümi pes ýagdaýda dowam etdirýän “Arsenal” bilen “Liwerpulyň” arasynda bolar.Duşuşyk 3-nji aprelden 4-nji aprele geçilýän gijä Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar. “Premier Ligada” ýene bir esasy oýun sanawyň lideri “Mançester Siti” myhmançylykda “Lester Siti” bilen duşuşar. 1-nji oýunda 5-2 hasabynda utulan “Mançester Siti” hem şol duşuşygyň rewanşyny almak, hem-de arany açmak isleýär.

Ispaniýanyň “La Ligasynda” tapgyryň merkezi oýny sanawyň lideri “Atletiko” bilen 4-nji ýerdäki “Sewilýanyň” arasynda bolar. “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyk 4-nji aprelden 5-nji aprele geçilýän ýarygijede başlar (00:00). 2-nji ýerdäki “Barselona” 5-nji aprelde ýarygije “Walýadolidi” kabul etse, “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek oýunda-da 3-nji aprelde “Real Madrid” öz meýdançasynda “Eýbar” bilen duşuşar (19:15).

Italiýanyň “A-Seriýasynda” 29-njy tapgyryň ähli oýny 3-nji aprelde (şenbe güni oýnalar). Şolaryň biri-de Turin derbisi bolup, iki goragçysy pandemiýa uçran “Ýuwentus” myhmançylykda “Torino” bilen güýç synanyşar.

Sanawyň öňdebaryjylary Milan şäheriniň wekilleri “Inter” myhmançylykda “Bolonýa” bilen (23:45), “Milan” bolsa öz meýdançasynda “Sampdoriýa” bilen duşuşar (15:30).Bu iki duşuşyk hem Türkmenistan sport teleýaýlymynda efire berler.

Lewandowskisiz “Bawariýa” myhmançylykda “Leipsig” bilen duşuşar

Germaniýanyň “Bundesligasynda” 2 duşuşyk öňdäki orunlary gyzyklandyrýan oýunlar bolup, sanawyň lideri “Bawariýa” myhmançylykda “Leipsig” bilen duşuşar.Super golçusy Lewandowskisiz meýdança çykjak “Bawariýa” utulan ýagdaýynda aratapawut 1 utuga düşer. 3-nji aprelde 21:30-da başlanjak oýun “Türkmenistan sport teleýaýlymy arkaly futbol janköýerleriniň dykgatyna ýetiriler.

Utuk aratapawudy 1 utuga düşmek mümkinçiligi bolan başga bir oýunda 5-nji orundaky “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda 4-nji ýerdäki “Aýntrahty” kabul eder (3-nji aprel, 18:30). Hepdäniň ýekşenbe (4-nji aprel) güni-de Berlin derbisi bilen 27-nji tapgyr tamamlanar. Öňdäki orunlara ymtylýan “Union Berlin” öz meýdançasynda ligada galmak üçin göreşýän “Hertany” kabul eder (21:00).

PSŽ öz meýdançasynda “Lilli” kabul eder

Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de hem sanawyň öňdebaryjylarynyň özara duşuşyklar esasy üns merkezde bolar. Deň utukdaky iki topar PSŽ bilen “Lilliň” arasyndaky oýun tapgyryň iň esasy oýny bolup, duşuşyk 3-nji aprelde 20:00-da başlar. Şol gije 00:00-da “Lion” myhmançylykda 5-nji ýerdäki “Lans” bilen özara güýç synanyşar.

“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar:

2-nji aprel

Kardiff Nottingem (19:00)

Lewante Hueska (00:00)

3-nji aprel

Milan Sampdoriýa (15:30)

Real Madrid Eýbar (19:15)

Leipsig Bawariýa (21:30)

Bolonýa Inter (23:45)

4-nji aprel

Alawes Selta (17:00)

Elçe Betis (19:15)

Kadiz Walensiýa (21:30)

Sewilýa Atletiko (00:00)

The post “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Italiýada we Germaniýada golly tapgyr
31 ýyldan soň
“Serie A-nyň” täze möwsümi
250-nji “El Klasiko”