90 ýyllyk “La Liga”

Ýewropanyň, hatda dünýäniň iň uly iki klubunyň çykyş edýän çempionaty — Ispaniýanyň “La Ligasynyň” döredilenine şu ýyl 90 ýyl boldy.Mundan 90 ýyl ozal, has takygy, 1929-njy ýylyň 10-njy fewralynda döredilen çempionatyň ilkinji möwsüminde 10 klub “Barselona”, “Real Madrid”, “Atletik B.”, “R.

Sosiedad”, “Arenas Klub de Gueço”, “Atletiko”, “Espanyol”, “CD Europa”, “Real Union” hem-de “Real Santander” çykyş etdi. Şol möwsüm “Barselonanyň” çempionlygy bilen tamamlandy. 90 ýaşy arka atan “La Ligada” iň köp çempionlyk gazanan klub “Real Madrid” bolup, paýtagtlylar 33 gezek birinjiligi eýelediler.

Bu ugurda 2-nji ýer “Barselonanyňky” bolup, olar 25 gezek bu şatlygy başdan geçirdiler.Umuman alnanda, “La Liganyň” 90 ýyllyk taryhynda 9 klub çempion diýen ada mynasyp boldy. “La Ligada” iň köp ýeňiş gazanan topar “Real Madriddir”.

Olar 1687 oýunda garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy.“La Liganyň” ilkinji goluny “Espanýol” toparynyň futbolçysy Hose Pitus Prat çempionatyň ilkinji duşuşygynyň ilkinji minutlarynda geçirdi. Çempionatda şu wagta çenli 28970 duşuşyk geçirildi. “La Liganyň” iň köp gol geçiren oýunçysy Lionel Messi bolup, argentinaly super ýyldyz 415 pökgini öz adyna ýazdyrdy. “La Liganyň” 90 ýyllyk taryhynda diňe 3 klub aşaky liga düşmedi.

Olar “Real Madrid”, “Barselona” hem-de düzüminde baskly futbolçylary oýnadýanlygy bilen tapawutlanýan “Atletik Bilbao” toparlarydyr. Çempionatda iň köp duşuşyk geçiren oýunçy, meşhur derwezeçi Antonio Zubizaretta bolup, ol 622 gezek meýdança çykdy.

Bu ugurda Raul Gonzales 550 duşuşyk bilen 2-nji orny eýeleýär. “La Ligada” çykyş eden iň ýaşuly futbolçy Harri Low bolup, “Real Sosiedadyň” futbolçysy meýdança çykanda, 48 ýaşap, 226 gün geçipdi.

Iň ýaş futbolçy bolsa, Fransisko Bao “Sanson” (“Selta Wigo”) bolup, 1924-nji ýylda doglan oýunçy 1939-njy ýylda, ýagny 16 ýaşamanka ýaşyl meýdança aýak basypdy (15 ýaş, 255 gün).“La Ligada” iň köp klubda çykyş eden oýunçy Karlos Arandadyr.

Ol 20022013-nji ýyllar aralygynda 8 toparyň (“Wilýarreal”, “Albasete”, “Sewilýa”, “Numansiýa”, “Osasuna”, “Saragosa”, “Lewante”, “Granada”) köýnekçesini geýdi.Eusebio, Maradona, Ýohan Kroýff, Zidan, Luiz Ronaldo, Ronaldinio, Stoýçkow, Romario, Kristiano Ronaldo, Neýmar we Messi ýaly futbolyň iň uly ýyldyzlarynyň çykyş eden çempionaty “La Liga” UEFA-nyň ýaryşlarynda iň köp çempionlyk gazanan ligadyr.

Ispan toparlary Çempionlar ligasynda 18, Ýewropa ligasynda-da 11 gezek ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Milanyň ikinji çempionlygy
Sport täzelikleri
Kubok ýaryşlary
Türkmenistan: Sport ýedi günde 13 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
Türkmenistan: Sport bu hepde 12 futbol duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Messi Ispaniýanyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy