Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi

UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji duşuşyklar oýnalyp, “A”, “B”, “C”, “D” toparçalarda geçirilen oýunlarda 28 gol derwezä girizildi. Şol 8 oýnuň 5-sinde myhmançylykdaky toparlar ýeňşini baýram etdi. 1 oýun deňlikde tamamlanyp, 1 oýunda-da ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

“A” toparçada “Mançester Ýunaýted” bilen “Galatasaraýyň” arasyndaky duşuşyk diýseň çekeleşikli we dartgynly geçdi.Rasmus Heýlunnyň gollary (17, 67) bilen 2 gezek öňe geçen “Mançester Ýunaýted” bu üstünligini saklap bilmedi. “Galatasaraýa” ýeňiş getiren gollary Wilfred Zaha (23), Kerem Aktürkoglu (71) hem-de Mauro Ikardi (81) geçirdi.

Ikardiniň 78-nji minutda penalti salyp bilmedik oýnunda Mançester Ýunaýtediň braziliýaly ýarymgoragçysy Kazemiro 77-nji minutda gyzyl kart aldy.

Toparçadaky beýleki oýunda “Bawariýa” ýer eýeleri “Kopengageniň Lerageriň (56) goly bilen öňe saýlanandygyna garamazdan, Musiala (67) hem-de Teliň (83) gollary esasynda 2-1 ýeňiş gazandy. Nemes kluby toparçalarda 36 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

“B” toparçada “Mançester Ýunaýtedden” soň başga bir iňlis kluby “Arsenal” hem ýeňlişe sezewar boldy.Myhmançylykda “Lans” bilen duşuşan londonlylar Gabriel Žesusyň (14) goly bilen 1-0 öňe saýlansa-da, meýdançany utuksyz terk etdiler. “Lans” topary Tomasson (25) hem-de Wainiň (69) gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Soňky minutlary dartgynly geçen oýunda PSW bilen “Sewilýa” 2-2 hasabynda deňme-deň oýnap, utuklary paýlaşdy (De Ýong 56 p, Teze 90+5 Gudel 68, En-Nesiri 87).

“C” toparçadaky 2 duşuşyk hem myhmanlaryň 3-2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Kubogyň iň köp eýelän “Real Madrid” Italiýada “Napoliden” 3-2 hasabynda üstün çykdy. “Real Madridiň” gollaryny Winisius Junior (27), Jud Bellingam (34) hem-de Aleks Meret (78 ö.d.) geçirdi. Ýer eýeleriniň adyndanam Estigor bilen Zielinski tapawutlandy.

Ilkinji gezek gatnaşýan “Union Berlin” topary öz meýdançasynda “Bragany” kabul etdi. Şeraldo Bekkeriň gollary bilen 2-0 öňe geçen berlinliler soňky minutlarda ýeňlişe sezewar boldy. 2-nji ýarymda erjel oýun görkezen “Braganyň” gollaryny 41-nji minutda Niakate (“Napoli” bilen geçirilen duşuşykda 88-nji minutda öz derwezesinden gol geçiripdi), 51-nji minutda Bruma hem-de 90+4-nji minutda Andre Kastro geçirdi.

“D” toparçada “Inter” öz meýdançasynda “Benfika” bilen duşuşyp, italýanlara ýeňiş üçin ýeke gol ýeterlik boldy. Şol goly-da 62-nji minutda Markus Turam geçirdi.Italýan kluby 13 oýundan bäri öz meýdançasynda portugal klublaryndan ýeňilmän gelýär. 1-nji duşuşykda “Benfikany” myhmançylykda 2-0 ýeňen “RB Salsburg” öz meýdançasynda şol hasap bilen “Real Sosiedaddan” asgyn geldi.

Ispan klubuna 3 utuk gazandyran gollary 7-nji minutda Oýarzabal, 27-nji minutda-da Brais Mendes geçirdi.

Ýene degişli makalalar

2020-nji ýylyň iň gymmat transferleri
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
16 duşuşyk 48 gol
London we Mançester derbileri
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli