“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy

UEFA Çempionlar Ligasynda “B” toparçada “Lansyň” derwezesinden jogapsyz 6 gol geçiren “Arsenal” 1/8 finala adyny ýazdyrdy. “Arsenalyň” 6 goluny 6 futbolçy geçirip, londonlylar 1-nji ýarymda 5 gezek tapawutlandy. Arsenal 6 ýyldan soň gatnaşýan ýaryşynda 17-nji gezek toparçalardan çykmagy başardy.

Çekeleşikli geçen oýunda “Sewilýa” öz meýdançasynda PSW toparyny kabul etdi.Ispan kluby Ramos hem-de En-Nesiriniň gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne 66-njy minutda Okamposyň 2-nji sarydan soň gyzyl almagy, duşuşykdaky ähli hasaplary üýtgetdi. 68-nji minutda Salibariniň ajaýyp goly bilen umytlanan myhmanlar 81-nji minutda Gudeliň awtogoly esasynda hasaby deňledi. 90+2-nji minutda-da Pepiniň geçiren goly eýndhowenlileriň 1/8 finala çykmagy üçin ýeterlik boldy.

Olar 4 ýyldan soň gatnaşýan ýaryşynda 5-nji gezek 1/8 finala çykdy.PSW topary soňky gezek 2015/16 möwsüminde 2-nji tapgyrda oýnapdy.

“C” toparçada “Real Madrid” öz meýdançasynda “Napoliden” 4-2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ispan klubunyň gollaryny Rodrigo, Bellingam, Paz hem-de Hoselu geçirdi. Ilkinji bolup hasaby açan “Napoli” toparynyň adyndanam Simeone bilen Zambo Anguissa tapawutlandy.

“Braga” bilen “Union Berlin” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşykda nemes kluby 42-nji minutda Gosensiň goly bilen 1-0 öňe geçse-de, 31-nji minutda 1 oýunçy kem galan “Braga” 51-nji minutdaky Džalonyň goly esasynda hasaby deňledi. “Braga” soňky duşuşykda “Napolini” 2 gol aratapawudy bilen ýeňse, 1/8 finala çykar.

“D” toparçadaky duşuşyklar hem edil “A” toparçadaky ýaly birmeňzeş hasaplar bilen tamamlandy. “Real Sosiedad” bilen “Red Bull Salsburgyň” arasyndaky oýunda hasap açylmady.Portugaliýada geçirilen duşuşykda “Benfika” 1-nji ýarymda “Interiň” derwezesinden 3 gol geçirdi.

Gollaryň 3-sini hem 2016-2019-njy ýyllarda 3 möwsüm “Interde” çykyş eden Žoao Mario öz adyna ýazdyrdy. Ýöne onuň bu het-trigi ýeňşe ýeterlik bolmady. 2-nji ýarymda erjel oýun görkezen “Inter” tejribeli oýunçylarynyň gollary bilen hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy. “Intere” 1 utuk gazandyran gollary Arnautowiç, Frattesi hem-de Aleksis Sançes (p) geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
16 duşuşyk 48 gol
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
London we Mançester derbileri
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi