Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi

UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, çempion toparlaryň arasynda “Žalgiris”“Galatasaraý” duşuşygynyň ýeňijisi “Ludogores Razgrad”“Olimpiýa Lýublýana” duşuşygynyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar. “Dinamo Zagreb” ýa-da “Astana” topary 3-nji saýlama tapgyrynda Gresiýanyň çempiony AEK bilen duşuşar. “Breidablik”“Kopengagen” duşuşygynyň ýeňijisiniň garşydaşy-da Praganyň “Sparta” kluby boldy.

Çempion däl toparlaryň bijesinde janköýerlere biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar.Portugaliýanyň “Braga” topary Serbiýanyň wise-çempiony TSS bilen bije çekişdi. Şotlandlaryň “Reýnjers” topary “Serwette” ýa-da “Genk” bilen duşuşar. “Dnep-1”“Panatinaikos” duşuşygynyň ýeňijisi-de Fransiýanyň “Marsel” kluby bilen güýç synanyşar.

PSW bilen “Şturm Gras” toparlary-da bije çekişip, olaryň haýsy hem bolsa biri ýoluny dowam eder.

3-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary 8-9-njy awgustda hem-de 15-nji awgustda oýnalar.

3-nji saýlama tapgyryň bijeleri:

“Rakuw Çenstowoha”/“Garabag” “Aris Limassol”/“BATE Borisow”

“Zrýinski Mostar”/“Slowan Bratislawa” Şerif”/“Makkabi Haýfa”

“AEK Afiny” “Dinamo Zagreb”/“Astana”

“Ludogores Razgrad”/“Olimpiýa Lýublýana” “Žalgiris”/“Galatasaraý”

“Breidablik”/“Kopengagen” “Sparta Praga”

“KI Klakswik”/“BK Haken” “HJK Helsinki”/“Molde”

“Braga” TSS (Serbiýa)

“Reýnjers” “Serwette”/“Genk”

“Dnep-1”/“Panatinaikos” “Marsel”

“PSW Eýndhowen” “Şturm Gras”

Ýene degişli makalalar

Öňünden çykany ýeňýär
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy
Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
“Aris” BATE-ni derbi-dagyn etdi