Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije

UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň jogap oýunlarynda çempion däl klublaryň arasynda Fransiýanyň “Marseli” grekleriň “Panatinaikos” toparyndan asgyn gelip, ýaryşyň daşynda galdy.Myhmançylykda 1-0 asgyn gelen “Marsel” öz meýdançasynda täze transfer Obameýangyň 2-nji we 45+1-nji minutlardaky gollary 2-0 öňe geçdi. Ýöne 90+9-njy minutda bellenen penaltini Ioannidisiň dürs urmagyndan soň goşmaça 30 minut oýnalmaly boldy.

Netijede, penaltilerde 5-3 utulan “Marsel” ýoluny Ýewropa Ligasynda dowam etdirer. “Braga” bilen PSW toparlary 2-nji duşuşyklarynda hem uly hasaply ýeňişler gazandylar. Öz meýdançasynda 2-1 ýeňiş gazanan “Reýnjers” myhmançylykda “Serwette” bilen 1-1 deňme-deň oýnap, pleý-off tapgyryna çykdy.

TSS (Serbiýa) “Braga” (Portugaliýa): 1-4 (0-3)

“Serwette” (Şweýsariýa) “Reýnjers” (Şotlandiýa): 1-1 (1-2)

“Marsel” (Fransiýa) “Panatinaikos” (Gresiýa): 2-1 g.w. 3-4 p (0-1)

“Şturm Gras” (Awstriýa) PSW (Niderlandlar): 1-3 (1-4)

Pleý-off tapgyry

Pleý-off tapgyrynda “Makkabi Haýfa” bilen Şweýsariýanyň çempiony “Ýang Boýz”, “Rakuw” bilen “Kopengagen”, “Molde” bilenem “Galatasaraý” duşuşar. Belgiýanyň çempiony “Antwerpen” toparynyň garşydaşy-da AEK ýa-da “Dinamo Zagreb” bolar. “Reýnjers” bilen PSW, “Braga” bilenem “Panatinaikos” toparçalara çykmak üçin özara güýç synanyşar. Pleý-off tapgyrynyň oýunlary 22-23-nji hem-de 29-30-njy awgustda oýnalar.

Pleý-off tapgyryň duşuşyklary:

“Makkabi Haýfa” “Ýang Boýz”,

“Rakuw Çenstohowy” “Kopengagen”,

“Molde” “Galatasaraý”,

“Antwerpen” AEK/“Dinamo Zagreb”,

“Reýnjers” PSW,

“Braga” “Panatinaikos”.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Öňünden çykany ýeňýär
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
16 duşuşyk 48 gol
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly