Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar

UEFA Ýewropa Ligasynda 4-nji duşuşyklar geçirildi. Daniýanyň “Midtýullann” topary 4-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanan ýeke-täk klub hökmünde hasaba alyndy. “Nissa” bilen “Reýnjers” toparlary bolsa 4-nji duşuşyklarynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Daniýanyň Herning şäheriniň wekili “Midtýullann” öz meýdançasynda “Seltik” toparyny Erliç, Gogorza hem-de Džunuň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, “Midtýullann” topary utugyny 12-ä çykaryp, sanawda 1-nji orunda barýar.

Şol hasap bilen ýeňiş gazanan “Fraýburg” bilen “Ferenswaroş” klublarynyň hem ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär. “Fraýburg” myhmançylykda “Nissany” olaryň öňe geçendigine garamazdan, “Ferenswaroş” bolsa Budapeştde Bolgariýanyň “Ludogores” toparyny 3-1 hasabynda ýeňdi.

Çempionlygyň dalaşgärlerinden diýlip görkezilýän Italiýanyň “Roma” topary 2 ýeňlişden soň 2-nji ýeňşini gazandy.Myhmançylykda “Reýnjersi” 2-0 hasabynda ýeňen “Romanyň” gollaryny 13-nji minutda Sule bilen Pellegrini derwezä girizdi. “Betis” hem öz meýdançasynda “Liony” Ezzalzuliniň (hem-de Antoniniň gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. “Ştutgart” hem şol hasap bilen “Feýenoorddan” üstün çykyp, oýunda El Hannus bilen Deniz Undaw tapawutlandy. “Aston Willa” hem öz meýdançasynda “Makkabi Tel Awiw” toparyny Maatsen (45+1) hem-de Maleniň (49 p) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

7 goluň geçirilen oýnunda “Genk” myhmançylykda “Bragany” 4-3 hasabynda ýeňmegi başardy. Ispaniýanyň “Selta” topary myhmançylykda “Dinamo Zagrebi” Pablo Duran (4, 44) hem-de Domingesiň (28 ö.d.)

4-nji duşuşyklaryň netijeleri:

RB Salsburg Gou Ehed Iglz: 2-0

Bazel FKSB: 3-1

Midtýullann Seltik: 3-1

Utreht Porto: 1-1

Srwena Zwezda Lill: 1-0

Dinamo Zagreb Selta: 0-3

Malmö Panatinaikos: 0-1

Nissa Fraýburg: 1-3

Şturm Gras Nottingam Forest: 0-0

Aston Willa Makkabi T.: 2-0

Bolonýa Brann: 0-0

Wiktoriýa Plzen Fenerbahçe: 0-0

Ferenswaroş Ludogores Razgrad: 3-1

PAOK Ýang Boýz: 4-0

Reýnjers Roma: 0-2

Betis Lion: 2-0

Braga Genk: 3-4

Ştutgart Feýenoord: 2-0

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Türkmenistan: Sport ýedi günde 13 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň 2022/23 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi