“Milan” “Realy” 15 ýyldan soň 7-nji gezek ýeňdi

UEFA Çempionlar Ligasynda 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.Bu kubogy iň köp gazanan 2 topary “Real” bilen “Milan” Madridde duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Milan” ozalky tälimçisi Karlo Ançelottiniň toparyny 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Soňky 15 “Realy” ilkinji gezek ýeňen “Milana” 3 utyk gazandyran gollary 12-nji minutda Malik Tşau, 39-njy minutda Alwaro Morata hem-de 73-nji minutda Tiýýani Reýnders geçirdi. “Realyň” ýeke-täk goluny bolsa 23-nji minutda penaltiden Winisius Junior öz adyna ýazdyrdy.

Iki topar mundan öňe 15 gezek duşuşyp, şolarda hersi 6 oýunda ýeňipdi. Şol wagtyň özünde “Real” 15 ýyldan soň öz meýdançasynda yzly-yzyna 2 duşuşykda 3 we 3-den köp gol geçirdip, ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
BMW “Real Madridiň” futbolçylaryna elektroulag sowgat berdi
Super “Real Madrid”
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi