“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy

UEFA Çempionlar Ligasynyň çempiony bilen UEFA Ýewropa Ligasynyň ýeňijisiniň arasynda geçirilýän UEFA Super Kubogy duşuşygynda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary ýeňiş gazandy.Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkidäki Olimpiýa stadionynda oýnalan duşuşykda “Real Madrid” topary Germaniýanyň “Aýntraht” toparyndan 2-0 üstün çykdy.

Madridlilere ýeňiş getiren gollady 37-nji minutda Dawid Alaba bilen 65-nji minutda Karim Benzema geçirdi. Şeýlelikde, “Real Madrid” topary 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji ýyllardan soň bu kubogy 5-nji gezek eýelemegi başardy. “Real Madrid” bu ugurda Barselona hem-de “Milanyň” rekordyna şärik boldy.

* 31 042 janköýeriň tomaşa eden duşuşygynda Kasemiro oýnuň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

* “Realyň” tälimçisi Karlo Ançelotti 4-nji gezek UEFA Super Kubogyny eýeläp, bu ugurda Pep Guardioladan öňe saýlandy.

* Karlo Ançelotti “Realdaky” 8-nji, karýerasyndaky 24-nji kubogyny gazandy.

* Karim Benzema, Luka Modriç, Toni Kroos, Dani Karwahal 4-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazanyp, Paolo Maldini hem-de Dani Alwes bilen deňleşdi.

* “Realdaky” gollarynyň sanyny 324-e ýetiren Karim Benzema bu ugurda Rauldan öňe geçip, Kristiano Ronaldodan soň madridlileriň iň köp gol geçiren 2-nji futbolçysy boldy.

* 47-nji gezek geçirilen UEFA Super Kubogy duşuşygynda Çempionlar Ligasynyň ýeňijileri 27-nji gezek kubogy eýelemegi başardy.

* Şu wagta çenli 12 ýurduň wekiliniň gazanan bu kubogyny ispan klublary 16-njy sapar eýeläp, ep-esli arany açdy (italýan we iňlis klublary 9 gezek).

Real Madrid: Kurtua; Karwahal (Rüdiger 85), Eder Militao, Alaba, Mendi; Modriç (Rodrigo 67), Kazemiro, Kroos (Tçuameni 85); Walwerde (Kamawinga 76), Benzema, Winisius Junior (Seballos 85)

Aýntraht: Trapp; Ture (Alario 70), Tuta, Ndika; Knauff, Sow, Rode (Gýotse 58), Lens; Kamada, Borre, Lindstrom (Kolo Muani 58)

Ýene degişli makalalar

Real Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi
BMW “Real Madridiň” futbolçylaryna elektroulag sowgat berdi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Barselona 1-0, Real Madrid 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy
Reala kyn günler garaşýar