Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat  Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Duşuşykda işgärleri wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak barada kararlar kabul edildi, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi we 2023-nji ýylda daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi.

2. Wepa Hajiýew Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesindenboşadylyp, ýurduň Şweýsariýadaky ilçisi hem-de BMG-niň Ženewadakyedarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerine bellenildi.

3. Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi. Degişli çözgüt giň möçberli baýramçylyk Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli kabul edildi.

4.Türkmen howa ýollary 15-nji dekabrdan Aşgabat Moskwa Aşgabat ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder.Uçuşlar üçin awiapetekleri Turkmenistan airlines saýtynda, Türkmen howa ýollarynyň Russiýadaky baş agentinden, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki satuw ofislerinden satyn almak mümkindir. 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, uçuşlar dowamly esasda her ugur boýunça hepdede 4 gezek amala aşyrylar.

Uçarlar Aşgabatdan sişenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri, Moskwadan bolsa duşenbe, sişenbe, çarşenbe we anna günleri ugrarlar.

5. Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Şol gün ýurduň ähli welaýatlarynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan ählihalk dabaralary geçirildi.

6.Turkmenportal öz saýtynyň türk dilindäki nusgasyny işe girizdi.Saýtyň türk dilindäki redaksiýasynda ýurtdaky we dünýädäki iň möhüm wakalar barada iň täze maglumatlar berler.Okyjylar daşary we içeri syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet we sport baradaky esasy habarlar bilen tanşyp bilerler.

Neşir Türkmenistanyň gatnaşmagynda energetika, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet pudaklaryna degişli iri halkara taslamalary barada habar berer.Turkmenportal internetiň türkmen ugry boýunça iň iri maglumat çeşmeleriniň biridir.Her gün ony dünýäniň dürli döwletlerinden on müňlerçe ulanyjy okaýar.

saýtyň türk dilindäki nusgasy Turkmenportalyň okyjylarynyň artmagyna we türk jemgyýetiniň Türkmenistan bilen has ýakyndan tanyşmagyna kömek eder.

Dünýäde

7.Mandarinlerde köp mukdarda C witamini saklanýar we ol Täze ýyl baýramçylygynda iň gowy görülýän miweleriň biridir.Köp adamlar onuň gabygy bilen etiniň arasyndaky ak damarlary aýyrýarlar.

Hünärmenler munuň näme üçin edilmeli däldigini düşündirdiler.Mandarindäki damarlaryň ajy tagamy bar bolsa-da, aslynda olar örän peýdalydyr.Aralyk gatlakda köp mukdarda witaminler we flawonoidler bar.Bu ösümlik maddalary antioksidant hökmünde täsir edýärler we immun ulgamyny güýçlendirýärler.

Flawonoidler ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga kömek edýärler, käbirleriniň bolsa antibakterial ýa-da wirusa garşy täsiri bardyr.

8.Wi-Fi routeri dürli täsirlere, şol sanda hojalyk enjamlarynyň we otagdaky esbaplaryň täsirine sezewar bolýan, inçelik bilen düzülen enjamdyr.Hünärmenler Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Wi-Fi-iň işine ýaramaz täsir edip biljek Täze ýyl bezegleriniň iki görnüşini bellediler.

Girlýandlar (bezeg çyrajyklary) töwereginde gowşak elektromagnit meýdanyny döredýärler, bu bolsa routeriň radiotolkunlarynyň ýaýramagyna täsir edip biler.Bu signalyň we maglumatlary geçirmegiň tizliginiň peselmegine getirýär. Öýde näçe köp girlýänd bar bolsa, päsgelçiligiň ýüze çykmak ähtimallygy şonça-da ýokarydyr.

Zerler, esasan hem kümüşsöw ýa-da altynsow reňkli zerler radiotolkunlary üçin aýna ýaly bolup, olary serpikdirýärler we dargadýarlar.Netijede, Wi-Fi signaly has gowşak bolýar.Arçalaryň ýalpyldawuk bezeg şarlary hem şeýle täsir edýärler.

Hünärmenler girlýandlary we zerleri Wi-Fi routerinden uzakda goýmagy maslahat berýärler. Şeýle hem bezelen Täze ýyl arçasyny routeriň öňünde goýmak ýalňyşdyr.

Sport habarlary

9.Türkmenistanly agyr atletikaçy Şahzadbek Mätýakubow Doha şäherinde geçirilen Gran-pri ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy.Bu ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyry bolup durýar.

Türkmen türgeni bu üstünligi 96 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.Mätýakubow iki görnüşiň jemi boýunça 371 kilogram netije görkezdi ştangany silterläp götermekde 167 kilogram, itekläp götermekde 204 kilogram. Şeýlelikde, türgen iki altyn we bir kümüş medalyň eýesi boldy. Ýeri gelende bellesek, bu Katarda geçirilýän ýaryşda türkmen türgenleriniň üçünji üstünligidir.

Mundan ozal Gran-pri ýaryşynda Bunýod Raşidow we Gaýgysyz Töräýew bürünç medala eýe bolupdylar.

10. Aşgabatdaky Nusaý stadionynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň senesi yza süýşürilen oýny geçirildi. Onda Ahal Köpetdagy 3:1 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňşiň we toplan utuklarynyň netijesinde Serdar Geldiýewiň şägirtleri ätiýaçda ýene bir oýun bilen, üçünji orundaky topar bilen aratapawudy iki utuga çenli azaltdylar.

11. Saud Arabystanynda geçirilen Klublaryň arasynda dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyrynda Al-Ittihadyň futbolçylary Täze Zelandiýanyň Oklend Siti toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar. Saud Arabystanynyň toparynyň gollarynyň birini fransuz hüjümçi Karim Benzema tora girizdi. Al-Ittihad ýaryşyň çärýek finalynda Müsüriň Al-Ahli topary bilen oýnar. Duşuşygyň ýeňijisi ýarym finalda Braziliýanyň Fluminense topar bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iner Store onlaýn-dükanyna amatly bahadan elektrik ýyladyjylary gelip gowuşdy
Dünýäniň iň owadan aeroportlary
Toyota Rav4-iň täze wersiýasy tanyşdyryldy
Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi