Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji akylly şäheri

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy.

Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 3-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçiren iş maslahatynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.

Arkadag ady dakylyp, şäher derejesi berildi

Hormatly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi.Ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň täze şäheri, şeýle hem onuň merkezi binalaryny atlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek babatda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň ýolbaşçysy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Karara laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini Arkadag şäherine geçirmek, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerini kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmak, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşligini ýatyrmak, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmegi bellenildi.

Şeýle hem Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, halkyň erk-islegi esasynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berildi.

Habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony Arkadag Binasy diýip atlandyrmak, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine Aba Annaýewiň, Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adyny dakmak bellenildi.

Pudagara topary döredildi

Soňra daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 3-nji dekabrynda geçiren iş maslahatynyň barşynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary arkaly täze Arkadag şäherinde durmuş we ykdysady ulgamlarda gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmek üçin abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen degişli işler amala aşyrylýar.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek we kabul etmek boýunça degişli tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, bu işleri talabalaýyk derejede hem-de bellenilen tertibe, bildirilýän talaplara laýyklykda geçirmek üçin degişli pudagara topary döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek we kabul etmek boýunça pudagara topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygy üçin bölünip berilýän döwlet maliýe serişdeleriniň özleşdirilişi barada hasabat berdi. Bu ugurdaky işleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýandygy habar berildi. Zerur bolan tölegler öz wagtynda hem-de bellenilen tertipde geçirilýär.

Bilim ministri G.Ataýewa Arkadag şäherinde gurulýan bilim edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, bu ugurdaky işlere professor-mugallymlary we talyp ýaşlary çekmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Häzirki wagtda her biri 720 orunlyk 4 sany umumybilim berýän mekdebiň, 10 sany çagalar bagynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň, Ahal welaýat mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň, 1 sany 7 gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Geçirilýän işleriň çäklerinde bilim ulgamynyň sanly çözgütleri, şol sanda elektron mekdep ulgamyny, okuw maksatnamalaryna girizilen kitaplaryň ählisini bir ýerde jemleýän sanly kitaphana ulgamyny, onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän Zehin atly sanly ulgamy girizmek bilen bagly teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de ähli bilim edaralaryny mugallymlar bilen üpjün etmek babatda hem degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ylmy işleri geçirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ornaşdyrylýan akylly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri atly maslahatyň jemleri barada aýdyldy.

288 gektara bag ekmek meýilleşdirildi

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäherinde bag ekmek boýunça ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi.Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny gurmagyň meýilnamasyna laýyklykda, 288 gektara golaý meýdanda agaç nahallaryny ekmek meýilleşdirildi.

Häzirki wagtda ministrligiň degişli hünärmenleri zerur bolan maslahatlary berýärler hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýärler.

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öňdebaryjy tehnologiýalary, hususan-da, akylly öý ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Daşky eltiji sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, 106,5 kilometr optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekildi. Şeýle hem uzynlygy 259 kilometr bolan içerki aragatnaşyk ulgamlary çekiler.

Bu tehnologiýanyň işe girizilmegi bilen, edaralara we ýaşaýyş jaýlaryndaky her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekiler, munuň özi şol bir wagtyň özünde ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp, işe girizildi.Gurulýan desgalarda akylly şäher we akylly öý hyzmatlaryndan uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýasy işe girizildi.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin akylly wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwuny we tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalar. Merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy dörediler. Edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, e.gov.tm döwlet hyzmatlary saýty welaýat merkeziniň portalyny açýar.

Elektrobuslar, elektromobiller satyn alnar

Türkmenawtoulaglary agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalaryň täjirçilik teklipleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi we häzirki wagtda olary satyn almak, ýurdumyza getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyşyna taýýarlyk görmek babatda tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Merkezi bank, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde geçirilen degişli işler barada aýdyldy.

Soňra medeniýet ministri A.Şamyradow Arkadag şäheriniň desgalarynyň açylmagy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Täze edara ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka öwrüler. Bu dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin iş topary döredildi.

Şäheriň ikinji tapgyryny gurmak üçin degişli işler alnyp barylýar

Soňra Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurluşygyň birinji tapgyryny tamamlamak boýunça işleriň ýokary depginini üpjün etmek ugrundaky çäreler barada hasabat berdi.Dürli maksatly desgalary gurmak boýunça amala aşyrylan işleriň hiline, olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilişine, innowasion tehnologiýalary ulanmaga aýratyn üns berilýär.

Hasabatyň dowamynda bu taslamanyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Şeýle hem degişli taslama çyzgylarynyň taýýarlanylyşy, olaryň işini utgaşdyrmak üçin buýrujylar we potratçy edaralar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýluşy barada hasabat berildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martyndaky Kararyna laýyklykda, Gökdepe etrabynyň Gorjaw obasynyň çäginde umumy meýdany 1002 gektar bolan ýer böleginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, täze, döwrebap welaýat merkezindäki gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Gurluşyk işleri iki tapgyrda amala aşyrylýar.Onuň birinji tapgyry jemi 336 desgany, şol sanda häkimligiň edara binasyny, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasyny, Baýdak sütünini, Ahal monumentini, Ahal atçylyk sirkini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini, Ruhyýet köşgüni, kitaphanany, Bagt köşgüni, drama teatryny, muzeýi, welaýat derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalaryny, banklaryň welaýat şahamçalarynyň edara binalaryny we beýleki möhüm desgalary öz içine alýar. Şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, saglyk öýüniň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, köpugurly hassahananyň, Tiz kömek merkeziniň, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň 4-siniň, orta hünär mekdepleriniň hem 4-siniň, 10 sany çagalar bagynyň, köpugurly sport toplumynyň, sport merkeziniň we stadionyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, birinji tapgyryň çäklerinde 258 sany iki, bäş, ýedi we dokuz gatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär.Mundan başga-da, 19 dükan, 3 hyzmat ediş öýi, myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezi hem-de seýilgäh-dynç alyş zolaklary gurulýar.

Iki tapgyryň çäklerinde birnäçe ugurlar inženerçilik-tehniki ulgamlary we desgalary, ýol-ulag düzüminiň desgalaryny gurmak, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur Akhan bedewiniň heýkelini oturtmak göz öňünde tutulýar.Onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak we suw çüwdürimlerini gurmak işleri alnyp barylýar.

Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşýarlar.

Açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri bilen bagly öňde duran wezipelere ünsi çekdi. Degişli ýolbaşçylara bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrmak üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Işçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Wise-premýer H.Geldimyradowa ýerine ýetirilen işler üçin tölegleriň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ilata ýokary derejede hyzmatlary guramak üçin Arkadag şäheriniň Söwda müdiriýetini döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, täze şäherde saglygy goraýyş we bilim ugurlary boýunça müdiriýetleri açmagy, mekdepleri we çagalar baglaryny ýokary derejeli mugallymlar, terbiýeçiler bilen üpjün etmegi, ähli bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri akylly şäher bolmaly, şonuň üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe we wise-premýer N.Amannepesowa bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi açmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň meýilnamasyny düzmegi, köçeleriň, meýdançalaryň we binalaryň sanawyny, olary bezemegiň şekillerini taýýarlamagy hem-de täze merkeziň Baş meýdançasynda baýramçylyk konsertini guramagy tabşyrdy.

Wise-premýer A.Ýazmyradowa täze şäherde we onuň daş-töwereginde agaç nahallaryny oturtmak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyşynda dabaraly harby ýörişi geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ýaýbaňlandyryljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň milli ruha kybap derejede guralmalydygyna ünsi çekmek bilen, bu taryhy ähmiýetli waka eýýäm häzirden taýýarlyk görmelidigini belledi we birnäçe ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

ВЫЕЗДНОЕ РАСШИРЕННОЕ ЗАСЕДАНИЕ КАБИНЕТА МИНИСТРОВ ТУРКМЕНИСТАНА
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Türkmen prezidenti kazylary, prokurorlary wezipä belledi
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kazyýet edaralarynda işgärleriň ýerlerini üýtgetdi
Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedildi