Arkadag şäherinde Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi

Arkadag şäherinde Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi

Arkadag şäheri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary çap edildi. Türkmenistan gazetinde çap edilen kararda şeýle diýilýär:

1. Arkadag şäheriniň düzüminde goşunda laýyklykda täze etraplary döretmeli we olara Kärizek we Gorjaw atlaryny dakmaly hem-de mundan beýläk olary degişlilikde Arkadag şäheriniň Kärizek etraby hem-de Arkadag şäheriniň Gorjaw etraby diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Ozal Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerlerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirilendigi barada habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
ВЫЕЗДНОЕ РАСШИРЕННОЕ ЗАСЕДАНИЕ КАБИНЕТА МИНИСТРОВ ТУРКМЕНИСТАНА
Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji akylly şäheri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar
Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedildi