“Barselonanyň” 16-njy Super Kubogy

“Barselonanyň” 16-njy Super Kubogy

Ispaniýanyň Super Kubogyna ýene bir ýola “Barselona” topary mynasyp boldy.Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilen ýaryşyň finalynda, “El Klasikoda” “Barselona” topary köne bäsdeşi “Real Madridi” 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynyň ahyrky pursatlary has ýatda galyjy boldy. 36-njy minutynda braziliýaly ýyldyz Rafinýa “Barselonany” öňe saýlady. 45+2-nji minutda bolsa başga bir braziýaly ýyldyz oýunçy Winisius Junior owadan gol geçirip, hasaby deňledi. 45+4-nji minutda Lewandowskiniň goly bilen katalonlar ýaňadandan öňe geçse-de, 2 minut soň “Real Madrid” ýaş oýunçysy Gonzalo Garsiýanyň goly esasynda hasaby deňledi.

Arakesmeden soň, toparlar yzygiderli hüjümler geçirmegini dowam etdi.Duşuşygyň 73-nji minutynda Rafinýa oýundaky 2-nji goluny geçirip, toparyny ýene bir gezek öňe saýlady.Bu gola madridlilere jogap bermek başartmady. Şunlukda, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” topary bassyr 2-nji, umumylykda 16-njy gezek Ispaniýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy.

Geçen ýyl 5-2, bu ýyl 3-2 hasaplar bilen köne garşydaşynda utulan “Real Madridiň” bolsa 13 Super Kubogy bar.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi
“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
“Barselona” soňky minutlarda, “Real” aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy