“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi

Ispaniýanyň çempionaty La Ligada soňky çempion “Real Madride” öz meýdançasynda “Osasuna” ýeňmek başartmady. 42-nji minutda Winisius Junior geçiren goly bilen “Real Madrid” öňe saýlansa-da, myhmanlar 50-nji minutda Kike Garsiýa kelle urgusyndan geçiren goly esasynda jogap berdi.

Oýnuň 79-njy minutynda Karim Benzemanyň ýerine ýetiren penalti urgusy derwezäniň ýokarky sütünine degip, meýdançanyň daşyna çykdy.Netijede, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. “Real Madrid” topary şu möwsümde ilkinji gezek utuk ýitirdi.

Bu deňlikden soň, “Real Madrid” bilen “Barselonanyň” utuklary deňleşip, katalonlar gol aratapawudy görkezijisi boýunça 1-nji orna geçdi.

“La Ligada” 7-nji tapgyryň çäklerinde “Barselona” myhmançylykda “Malýorkany” Robert Lewandowskiniň goly bilen 1-0 ýeňdi.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Atletiko Madrid” myhmançylykda “Sewilýany” Llorente we Moratanyň gollary esasynda 2-0 utdy.

Ýene degişli makalalar

Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Barselona”, Bilbaoda, “Real” Walensiýada büdredi
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça