Ýewropa ligasynyň bijeleri çekildi

UEFA-da Çempionlar ligasyndan soň, Ýewropa ligasynyň täze möwsüminiň hem bijeleri çekildi.UEFA Konferensiýa ligasynyň esaslandyrylmagyndan soň, UEFA-nyň ikinji derejeli klub bäsleşiginde topar sany 48-den 32-ä düşürildi. Şoňa görä, 32 klub 8 toparça paýlandy.

Angliýanyň West Ham Ýunaýted topary, şol sanda Ýewropa ligasy ady bilen geçirilip başlany bäri görkezijileri hasaba alanyňda, Daniýanyň Brondbýu toparlary ýaryşyň debýutantlary bolarlar.

Ýewropa ligasynyň şu möwsüminde iň köp topar Fransiýadan gatnaşyp, 3 fransuz kluby ýaryşa wekilçilik ederler.

Ýaryşyň täze düzgünine laýyklykda, her toparçany birinji orunda tamamlanlar ýaryşy dowam etdirerler. Ikinji ýeri eýelänler bolsa, Çempionlar ligasynyň toparçalarynda 3-nji orny eýelänler bilen pleý-off oýnarlar.

Toparçadaky duşuşyklar 16-njy, 30-njy sentýabrda, 21-nji oktýabrda, 4-nji, 25-nji noýabrda hem-de 9-njy dekabrda oýnalar.

UEFA Ýewropa ligasynyň final duşuşygy-da geljek ýylyň 18-nji maýynda Sewilýa şäherindäki Ramon Sançes Pizhuanyň adyny göterýän stadionda oýnalar.

“A” TOPARÇA: Lion, Reýnjers, Sparta Praga, Brondbýu

“B” TOPARÇA: Monako, PSW, Real Sosiedad, Şturm Gras

“C” TOPARÇA: Napoli, Lester Siti, Spartak Moskwa, Legiýa Warşawa

“D” TOPARÇA: Olimpiakos, Aýntraht, Fenerbahçe, Antwerpen

“E” TOPARÇA: Lasio, Lokomotiw Moskwa, Marsel, Galatasaraý

“F” TOPARÇA: Braga, Srwena Zwezda, Ludogores Razgrad, Midtýullan

“G” TOPARÇA: Baýer, Seltik, Betis, Ferenswaroş

“H” TOPARÇA: Dinamo Zagreb, Genk, West Ham, Rapid Wien

Ýene degişli makalalar

UEFA Ýewropa Ligasynyň 4-nji hepdesiniň duşuşyklary geçirildi
ÝEWROPA LIGASY
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA Ýewropa Ligasynda 2-nji hepdäniň duşuşyklary geçirildi
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi