Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy

UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, 1/16 finalda çykyş etjek ähli klublar belli boldy. Şoňa görä, 6-njy oýunlardan soň, “Ýang Boýz”, “Molde”, “Napoli”, “Real Sosiedad”, “Makkabi Tel Awiw”, “Wolfsberger” klublary 2-nji tapgyrda oýnamaga hukuk gazandy.

Mälim bolşy ýaly, 4-nji oýunlardan soň, “Roma”, “Arsenal”, “Lester Siti”, “Hoffenhaým”, 5-nji duşuşyklardan soň bolsa, “Slawiýa Praga”, “Baýer”, “Reýnjers”, “Benfika”, “Granada”, PSW, “Braga”, “Milan”, “Lill”, “Wilýarreal”, “Antwerpen”, “Tottenham”, “Dinamo Zagreb” hem-de “Srwena Zwezda” toparlary 1/16 finalda çykyş etmäge ygtyýar alypdylar. Şeýlelikde, 24 topar bilen Çempionlar ligasyndan geljek 8, jemi 32 klub Ýewropa ligasynda ýaryşy dowam eder.

Ýewropa ligasyna gatnaşan 3 italýan, 3 iňlis, 3 ispan topary häzirlikçe ýaryşy dowam etdirýärler. Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň bijeleri 14-nji dekabrda atylar. Kubok 2-niň 1/16 finalynyň 1-nji oýunlary 18-nji, 2-nji oýunlary-da 25-nji fewralda oýnalar.

“A”: Ýang Boýz KFR Kluž: 2-1, SSKA SofiýaRoma: 3-1

“B”: Dandolk Arsenal: 2-4, Rapid WienMolde: 2-2

“C”: Baýer Slawiýa Praga: 4-0, Hapoel Be’er Şewa Nissa: 1-0

“D”: Standard Liež Benfika: 2-2, Leh Poznan Reýnjers: 0-2

“E”: PWS Eýndhowen Omoniýa: 4-0, PAOK Granada: 0-0

“F”: Napoli Real Sosiedad: 1-1, Riýeka AZ Alkmaar: 2-1

“G”: Braga Zorýa: 2-0, Lester Siti AEK: 2-0

“H”: Seltik Lill: 3-2, Sparta Praga Milan: 0-1

“I”: Makkabi Tel-Awiw Siwasspor: 1-0, Wilýarreal Garabag (oýnalmady)

“J”: Tottenham Antwerpen: 2-0, Ludogores LASK: 1-3

“K”: Dinamo Zagreb SSKA Moskwa: 3-1, Wolfsberger Feýenoord: 1-0

“L”: Hoffenhaým Gent: 4-1, Slowan Liberes Srwena Zwezda: 0-0

The post Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
4 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
“Milan” we “Benfika” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär
“Milan” 24 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy