“Milan” 24 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy

UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 3-nji oýunlarda,

has takygy, 24 duşuşykda 93 gol hasaba alyndy. Bu görkeziji rekorda deňdir. “A” toparçada “Roma” Maýoralyň 2 gol geçiren

oýnunda “KFR Klužy” 5-0 ýeňdi. “Arsenal” öz

meýdançasynda “Moldeni” 4-1 utdy. Oýunda “Arsenalyň”

2 goluny norweg

toparynyň oýunçylary geçirdi. “D” toparçada “Benfika” bilen “Reýnjers” duşuşyp, oýun 3-3 deňlikde tamamlandy.

Goragçysy (Nikolas Otamendi) gyzyl kart alan “Benfika” garşydaşynyň 3-1 öňe saýlanandygyna hem-de 1 oýunçy

kem oýnandygyna garamazdan hasaby deňlemegi başardy (Goldson 2 ö.d., Silwa, Nunýez 90+1 Gonsalwes 24 ö.d., Kamara 25, Morelos 51). “F” toparçada myhmançylykda “Napoli” topary Horwatiýanyň “Riýeka”

klubundan 2-1

üstün çykdy. “G” toparçada “Lester Siti” öz meýdançasynda “Bragany” 4-0 ýeňdi. 59 ýyldan soň, UEFA-nyň ýaryşlaryndan 4 gol

geçiren “Lesteriň” adyndan Iheanaço (2), Praet hem-de Maddison derwezä girizdi. “H” toparçada ýer eýeleriniň 2-si hem ýeňlip, “Milan” garaşylmadyk ýagdaýda öz

meýdançasynda Fransiýanyň Lill toparyndan 3-0 utuldy. Şunlukda, 24 oýundan

bäri ýeňilmän gelýän “Milan” 25-nji

duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy. 2006-njy

ýylda-da “Milany” “San Siroda ýeňmegi başaran “Lilliň” 3

goluny-da türkiýeli hüjümçi Ýusuf Ýazyjy derwezä

girizdi. 1-nji tapgyrda “Spartanyň”(Praga) derwezesinden

hem 3 gol geçiren Ýazyjy Ýewropa ligasynda myhmançylykda 2

gezek het-trik eden ilkinji futbolçy boldy. Toparçada “Seltik” hem öz

meýdançasynda “Sparta Pragadan” 4-1 utuldy. Oýunda het-trik eden Lukaş Ýuliş

1983-nji ýyldan soň, “Seltigiň” derwezesinden 3 gol geçiren ilkinji futbolçy

boldy.

“I” toparçada bolsa, “Wilýarreal” topary “Makkabi Tel-Awiwi” 40 utdy. “J” toparçada “Tottenham” myhmançylykda “Ludogoresi” 3-1 ýeňdi. Oýunda 1 gezek tapawutlanan Harri

Keýn “Tottenhamdaky” 300-nji duşuşygynda 200-nji goluny geçirdi.

“A”: “Roma”“KFR Kluž”: 5-0, “Ýang Boýz”“SSKA Sofiýa”: 3-0

“B”: “Rapid Wien”“Dandolk”: 4-3, “Arsenal”“Molde”: 4-1

“C”: “Slawiýa Praga”“Nissa”: 3-2, “Hapoel Beer Şewa”“Baýer”: 2-4

“D”: “Benfika”“Reýnjers”: 3-3, “Leh Poznan”“Standard Liež”: 3-1

“E”: PAOKPSW: 41, “Omonia”“Granada”: 02

“F”: “Real Sosiedad”“AZ Alkmaar”: 1-0, “Riýeka”“Napoli”: 1-2

“G”: “Lester Siti”“Braga”: 4-0, “Zorýa Lugansk”AEK: 1-4

“H”: “Seltik”“Sparta Praga”: 1-4, “Milan”“Lill”: 0-3

“I”: “Siwasspor”“Garabag”: 2-0, “Wilýarreal”“Makkabi T. Awiw”: 4-0

“J”: “Ludogores”“Tottenham”: 1-2, “Antwerpen”LASK: 01

“K”: “Dinamo Zagreb”“Wolfsberger”: 1-0, “Feýenoord”“SSKA Moskwa”: 3-1

“L”: “Srwena Zwezda”“Gent”: 2-1, “Hoffenhaým”“Slowan Liberes”: 5-0

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
ÝEWROPA LIGASY
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyry