Liwerpul Lesteri ýeňip, APL-iň birinjiligini Tottenhem bilen paýlaşdy

Liwerpul Lesteri ýeňip, APL-iň birinjiligini Tottenhem bilen paýlaşdy

Angliýanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynda geçirilen duşuşykda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Lesterden” 3:0 hasabynda üstün çykdy.

21-nji minutda “Lesteriň” goragçysy Jonni Ewans topy öz toruna girizdi.Bu onuň premýer-liganyň oýunlarynda öz derwezesine girizen altynjy goly.Bu babatda ondan öňde diňe Riçard Dann (10), Jeými Karrager we Martin Şkrtel (hersi 7) bar. 41-nji minutda “Liwerpulyň” artykmaçlygyny Diogu Jota iki esse artdy, 86-njy minutda bolsa Roberto Firmino jemleýji pökgini tora girizdi. “Liwerpulyň” ýarymgoragçysy Nabi Keýta şikes sebäpli ikinji ýarymyň başynda çalşyldy. Şeýle hem goragçylar Trent Aleksander-Arnold, Wiržil wan Deýk, Jo Gomez, ýarymgoragçylar Tiago Alkantara, Aleks Oksleýd-Çemberleýn, Jordan Henderson, şeýle hem öň koronawirus diagnozy bolan hüjümçi Mohammed Salah şikes sebäpli "Lester" bilen oýny sypdyrdylar. Ýaryşyň jedwelinde “Liwerpul” bir gün öň “Mançester Sitini” ýeňen (2:0) “Tottenhem” bilen birinji orny paýlaşýar.

Iki toparyň hem 20 utugy bar. “Lester” “Çelsi” bilen bilelikde 18 utuk toplady, toparlar jedwelde üçünji-dördünji setirleri eýeleýärler.Indiki tapgyrda “Liwerpul” 28-nji noýabrda “Braýtony”, “Lester” 30-njy noýabrda “Fulhemi” kabul eder.

Mundan başga-da, “Liwerpul” 25-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparçasynyň dördünji tapgyrynda Italiýanyň “Atalanta” topary bilen öz öýünde duşuşar.Tapgyryň beýleki oýunlarynyň netijeleri: “Fulhem” - “Ewerton” - 2:3; “Şeffild Ýunaýted” - “West Hem” - 0:1; "Lids" - "Arsenal" - 0:0.

Ýene degişli makalalar

Google Tottenhemden öý stadionynyň adyna hukugy satyn almak isleýär
APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
APL birinji tapgyr: Liwerpul utuk ýitirdi
Arsenal birinjiligi elden bermedi