Finalçylar belli boldy

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da konferensiýalaryň finalyna çykan toparlar belli boldy.Gündogar konferensiýada “Milwaki Baks” topary “Boston Seltiksi” 5 oýnuň 4-sinde ýeňip (41) finala çykdy.

Onuň finaldaky garşydaşy “Toronto Reptors” 7 oýundan soň, “Filadelfiýa 76ers” toparyndan üstün çykmagy başardy (43).Günbatar konferensiýada hem finalçylaryň biri 7 oýundan soň kesgitlenip, “Portland Treýl Bleýzers” topary “Denwer Naggetsi” 43 hasabynda ýeňdi.

Soňky çempion “Golden Steýt Warriorsa” “Hýuston Roketsden” öňe saýlanmagy üçin 6 duşuşyk gerek boldy (42).Final oýunlarynyň 1-nji duşuşyklary tamamlanyp, “Golden Steýt” öz meýdançasynda “Portlandy” 116:94 ýeňdi.

Gündogar konferensiýada-da “Milwaki Baks” öz meýdançasynda “Torontony” 108:100 hasabynda utdy.

Ýene degişli makalalar

GYSGA SETIRLERDE
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Yzly-yzyna 5-nji gezek finalda
Taryhdaky iň gymmat şertnama
Sport habarlary gysga setirlerde
Finala ýeňillik bilen çykdy