Finala ýeňillik bilen çykdy

Amerikanyň basketbol ligasynda, ýagny NBA-da soňky çempion “Kliwlend Kawaliers” bilen finalçy “Golden Steýt Warriors” degişlilikde, Gündogar we Günbatar zolaklaryň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.Iki toparam zolaklaryň finalyna çenli ýeňlişsiz çykyş etdiler. 1-nji tapgyrda “Indiana Peýsersi”, ýarym finalda-da “Toronto Reptorsy” 4 duşuşykda-da ýeňmegi başaran LeBron Jeýmsiň çykyş edýän topary “Kliwlendiň” Gündogar zolagynyň finalyndaky garşydaşy “Boston Seltiks” ýa-da “Waşington Wizards” bolar (seriýada 32 “Boston” öňde barýar).Günbatar zolagynda-da hatarynda Körri, Durant, Igodala ýaly ýyldyzlary bolan “Golden Steýt Warriors” üçinem finala çykmak juda ýeňil düşdi.

Olar ¼ we ½ finaldaky oýunlarynda 5-nji duşuşyga ýetirmän ilki “Portland Treýl Bleýzersi”, soňra-da “Ýuta Jazzy” 40 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Onuň finaldaky garşydaşy-da “Hýuston Roketsden” 6 duşuşykdan soň, 42 hasabynda üstün çykan “San Antonio Spars” topary boldy.

Zolaklaryň final oýunlary 16-njy maýda başlanar.Her zolagyň çempiony-da 1-nji iýunda başlanjak NBA-nyň final oýunlarynda özara duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
GYSGA SETIRLERDE
Dünýä Kubogyna 12 gün galdy
Los Anjeles Leýkers düzümine 2 ýyldyzy goşdy
Finalçylar belli boldy
1-nji oýunda “Golden Steýt” ýeňiş gazandy