Dünýä Kubogyna 12 gün galdy

Dünýä çempionatynyň rekordlary

* Dünýä çempionatlarynda iň köp ýaryşa gatnaşan tälimçi braziliýaly Karlos Alberto Parreiradyr.Tejribeli tälimçi 1982-nji, 1990-njy, 1994-nji, 1998-nji, 2006-njy hem-de 2010-njy ýyllardaky çempionatlara gatnaşdy.* Dünýä çempionatlaryna dürli ýygyndylar bilen iň köp gatnaşan tälimçiler serbiýaly Bora Milutinowiç hem-de braziliýaly Karlos Alberto Parreirodyr.

Olaryň ikisi-de 5 ýygyndy bilen Dünýä çempionatynda çykyş etdi.Milutinowiç Meksikanyň (1986), Kosta Rikanyň (1990), ABŞ-nyň (1994), Nigeriýanyň (1998) hem-de Hytaýyň (2002) ýygyndylaryna, Parreiro bolsa, Kuweýtiň (1982), BAE-niň (1990), Braziliýanyň (1994, 2006), Saud Arabystanynyň (1998) hem-de Günorta Afrikanyň (2010) milli toparlaryna tälim beripdi.* Dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşykda tälimçi bolan Helmut Şön (Günbatar Germaniýa) bolup, ol 19661978-nji ýyllar aralygynda 25 duşuşykda toparyna ýolbaşçylyk etdi.* Dünýä çempionatynda tälimçi hökmünde iň köp duşuşykda ýeňiş gazanan hem Helmut Şön bolup, onuň tälimçiliginde Günbatar Germaniýa 16 oýunda ýeňiş gazandy.* Dünýä çempionatlarynda iň köp çempionlyk gazanan tälimçi italiýaly Wittorio Pozzodyr.

Ol 19341938-nji ýyllarda Italiýany yzly-yzyna 2 gezek çempion edipdi.* Dünýä çempionatlarynda iň köp kartoçka alan futbolçylar — fransiýaly Zinedin Zidan (4 sary, 2 gyzyl) bilen braziliýaly Karlos Kafudyr (6 sary).

Olaryň ikisi-de 6 kartoçka aldy.* Dünýä çempionatlarynda iň köp gyzyl kartoçka alan futbolçylar — kamerunly Rigobert Song bilen fransiýaly Zinedin Zidandyr.Ikisi-de 2 gezek gyzyl kartoçka aldy.

“Gran Turuň” ýeňijileriniň hataryna goşuldy

101-nji gezek geçirilen “Giro d’Italia” welosport ýaryşynda “Team Sky” toparynyň Beýik britaniýaly türgeni Kris Frum ýeňiji boldy.Ol 21 tapgyrdan ybarat we 21 günläp dowam eden ýaryşda 3573 kilometr aralygy 89 sagat 02 minut 39 sekuntda geçip, “Giro d’Italia”-daky ilkinji ýeňşini gazandy. 18 topardan 150-ä golaý türgeniň gatnaşan ýaryşynda 2-nji orny “Team Sunweb” toparynyň gollandiýaly türgeni Tom Dumolin eýeledi.

Ol Frumdan 46 sekuntlyk az netije görkezdi. Ýaryşda ýeňijiden 4 minut 57 sekunt yza galan “Astana” toparynyň kolumbiýaly türgeni Migel Anhel Lopes 3-nji orna mynasyp boldy.Ilkinji 5 tapgyrdan soň, Rohan Dennis, soňra 19-njy tapgyra çenli-de jemi 13 tapgyr boýunça Saýmon Ýeýtes umumy sanawda birinjiligi saklady.

Netijede, 19-njy tapgyrdan soň, Kris Frum umumy sanawda birinji orna geçdi Ol diňe 2 tapgyrda ýeňiji boldy.Frum bu ýylky daglyk ýollar tapgyrynyň-da ýeňijisi bolup, “Giro d’Italia” -da utuk toplamakda Elia Wiwiani, ýaş welosipedçileriň arasynda-da Migel Anhel Lopes ýeňiş gazandy.Şunlukda, 33 ýaşly Frum “Gran Tur” (“Giro d’Italia”, “Tour de France”, “Vuelta Espana”) welosport ýaryşlarynyň 3-sinde hem ýeňiji bolan 7-nji welosipedçi diýen ady eýeledi.

Geçen ýyl beýleki 2-sinde ýeňiş gazanan Frum 3 uly ýaryşda yzly-yzyna çempion bolan 3-nji welosipedçidir.Frum iň abraýly welosiped bäsleşigi bolan “Tour de France” ýaryşynda 4 (2013, 2015, 2016, 2017), “Vuelta Espana”-da hem 1 (2017) gezek çempionlyk gazandy.

Jeýmsiň 51 utugy ýeňşe ýeterlik bolmady

NBA-da finalyň 1-nji duşuşygy oýnaldy.Geçen ýylky finalçylar çempion “Golden Steýt Warriors” bilen wise-çempion “Kliwlend Kawaliersiň” arasyndaky 1-nji oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň esasy wagty 107107 hasabynda deňlikde tamamlandy.Goşmaça wagtda-da “Golden Steýt” 177 hasabynda ýeňiş gazandy.Netijede, “Kliwlendiň” super ýyldyzy LeBron Jeýmsiň 51 utuk, 8 ribaund, 8 asistlik görkezijilerine garamazdan, “Golden Steýt” 124114 hasabynda üstün çykyp, final oýunlaryna ýeňiş bilen başlady. 2-nji duşuşyk 4-nji iýunda irden oýnalar. 34-nji oýunlar 7-nji we 9-njy iýunda “Kliwlendiň” meýdançasynda geçiriler.

Gerek bolan ýagdaýynda-da ýene-de 3 duşuşyk 12-nji, 15-nji hem-de 18-nji iýunda oýnalar.“Golden Steýt” ýarym finalda “Hýuston Rokets” toparyny 7 oýunda 43 hasabynda ýeňipdi.

Edil şonuň ýaly-da “Kliwlend” hem “Boston Seltiksden” soňky 2 duşuşykda has erjel oýun görkezip, 43 hasabynda üstün çykdy.

Çempionlykdan 5 gün soň

“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji, umumylykda-da 13-nji gezek UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagyndan 5 gün geçensoň, toparyň tälimçisi Zinedin Zidan metbugat ýygnanyşygyny geçirip, meýletin wezipesinden gidýändigini habar berdi.

Fransiýaly tälimçi: Maňa goldaw beren hemmelere, aýratynam tarapdarlara, toparyň ýolbaşçylaryna, esasan hem futbolçylara uly minnetdarlyk bildirýärin.Gitmegiň wagty geldimikä diýýärin.Elbetde, öňümizdäki ýyllarda ýene-de dolanyp bilerin diýdi. 2016-njy ýylyň ýanwarynda Rafael Benitesiň ornuna wezipä bellenen 45 ýaşyndaky Zidan madridliler bilen “La Ligada” 1, UEFA Çempionlar ligasynda 3 gezek ýeňiji boldy.

Bulardan başga-da, Ispaniýanyň Super Kubogyny 1, FIFA Klublar arasy Dünýä kubogyny 2, UEFA Super Kubogyny-da 2 sapar eýeledi.Köpler üçin garaşylmadyk waka bolan habardan soň, şa kluby täze tälimçiniň gözlegine çykdy.

Toparyň täze tälimçisi hökmünde Maurisio Poçettino (“Tottenhem”) bilen Massimiliano Allegriniň (“Ýuwentus”) atlary agzalýar.

Monakoda Rikkiardo ýeňiji boldy

Formula 1 ýaryşlarynyň iň abraýly bäsleşigi hasaplanýan Monako “Gran Prisinde” “Red Bull” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardo ýeňiş gazandy.Monte Karlo şäheriniň darajyk köçelerinde geçirilen bu ýaryşa ilkinji hatardan başlan Rikkiardo 78 aýlawy 1 sagat 42 minut 54,807 sekuntda geçmegi başardy.

Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, umumy F1 karýerasy boýunça-da 7-nji ýeňşidir. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden germaniýaly Sebastian Wettel (“Ferrari”) 2-nji, umumy sanawda 1-nji hatarda barýan britaniýaly Lewis Hamilton (“Mercedes”) 3-nji orny eýeledi.

Möwsümiň indiki bäsleşigi 10-njy iýunda Kanadada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Finala ýeňillik bilen çykdy
1-nji oýunda “Golden Steýt” ýeňiş gazandy
“Golden Steýtiň” hem-de “Pittsburgyň” 5-nji ÝEŇŞI
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
LeBron Jeýms “LA Leýkersde”
NBA-da çempion üýtgemedi