Massimiliano Allegri ýene-de Ýuwentusa bäş tälimçi bellenildi

Massimiliano Allegri ýene-de Ýuwentusa bäş tälimçi bellenildi

Ýuwentusyň öňki baş tälimçisi Massimiliano Allegri ýene-de öňki wezipesine dolanyp geldi. Bu barada klubuň resmi saýty habar berýär. Şertnamanyň möhleti barada heniz maglumat aýan edilenok diýip, La Gazzetta dello Sport habar berýär.

Allegriniň aýlygy ýylda 9-10 mln ýewro bolar. Öň habar berşimiz ýaly, 53 ýaşly italýan hünärmeni 26-njy maýda wezipesinden aýrylan Antonio Konte derek Intere, şeýle hem 27-nji maýda wezipesinden boşan Zinedin Zidana derek Reala baş tälimçi bellenmäge esasy dalaşgär görülýärdi.

Allegri Ýuwentusa 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli tälimçilik etdi we klub bilen 11 sany baýraga, şol sanda 5 sany çempionlyk adyna eýe boldy.Onuň ýolbaşçylygynda Ýuwentus iki gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

Ýene degişli makalalar

Çempion tälimçileriň ýene biri wezipesinden gitdi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
“Serie A-da” tälimçi çalşyk döwri
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri