Çempion tälimçileriň ýene biri wezipesinden gitdi

Ýewropa futbolynda milli ligalaryň tamamlanmagyndan soň transfer möwsümine ýokary depginde badalga berildi.Esasan hem tälimçileriň arasynda wezipesini taşlaýanlaryň sany barha artýar.Aýratynam möwsümi çempionlyk bilen tamamlan klublarda. “Bundesliganyň” çempiony “Bawariýada” Hans-Diter Flikden soň, Fransiýanyň çempiony “Lilliň” tälimçisi Kristpf Galtie dürli sebäplerden wezipelerini taşladylar.

Olaryň hataryna “Serie A”-nyň çempiony Interiň tälimçisi Antonio Konte hem goşuldy.Ussat tälimçiniň toparyň ýolbaşçylary bilen transfer we beýleki käbir maliýe meselelerinde düşünişmändigi sebäpli iki tarapyň ylalaşygy esasynda şertnamanyň ýatyrandygy habar berildi.

Entek ýene-de bir ýyllyk şertnamasy bolan Konte topardan öweztöleg hökmünde 7 million ýewro alar. 51 ýaşyndaky Konte 2019-njy ýylda “Interiň” tälimçisi bolup, ol topara “Serie A”-da bir çempionlyk gazandyrdy.

Geçen möwsümde-de Ýewropa ligasynda finala çykarypdy.

Konteniň mundan soň haýsy topara tälim berjekdigi häzirlikçe belli däl. “Real Madridden” gaýtmagyna garaşylýan Zinedin Zidanyň ornuna wezipä bellenjekdigi habar berilýär. Ýöne soňky gürrüňlere ser salsak, “Real Madrid” başga bir italýan hünärmeni Massimiliano Allegri bilen şertnama baglaşmakçy bolýar. “Inter” topary üçin bolsa, “Lasionyň” tälimçisi Simona Inzaginiň hem-de 2019/20 möwsüminde “Ýuwentusa” tälimçilik eden Maurizio Sarriniň atlary agzalýar.

Ýene degişli makalalar

Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
“Serie A-da” tälimçi çalşyk döwri
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Massimiliano Allegri ýene-de Ýuwentusa bäş tälimçi bellenildi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi