NBA-da çempion üýtgemedi

Amerikanyň Milli basketbol ligasynda (NBA) çempion belli boldy.Geçen ýylyň finalynda duşuşan “Golden Steýt Warriors” bilen “Kliwlend Kawaliersiň” bu gezekki güýç synanyşygy 4 oýunda tamamlandy.Soňky çempion faworit hökmünde başlan final tapgyryna 4 duşuşykda garşydaşyndan üstün çykyp, 6-njy gezek NBA-nyň çempiony boldy. 12-nji duşuşygy öz meýdançasynda oýnan “Golden Steýt” topary Stefen Körri we Kewin Durantyň erjel oýunlary saýasynda, hatda, 1-nji duşuşykda LeBron Jeýmsiň 51 utugyna garamazdan, degişlilikde, 124114 hem-de 122103 hasaplar bilen ýeňiş gazandy. 34-nji duşuşyklar “Kliwlendiň” meýdançasynda oýnalyp, 110102 hem-de 10885 hasaplar bilen üstün çykan “Golden Steýt” çempionlygyny goramagy başardy.

Stiw Kerriň tälimçiligindäki “Golden Steýt” 1947-nji, 1956-njy, 1975-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda-da çempion bolupdy.Soňky 4 ýylda 3-nji çempionlyk kubogyny ýokary göteren kaliforniýalylar NBA-da “Los Anjeles Leýkers”, “Boston Seltiks” hem-de “Çikago Bullsdan” soň, 4 möwsümde 3 gezek çempionlyk gazanan 4-nji topar boldy.

Final tapgyrynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, bu ýylda-da Kewin Durant saýlandy.Ortaça 28,7 utuk, 10,7 ribaund hem-de 7,5 asist görkezijileri bilen çykyş eden 29 ýaşly Durant final tapgyrynda Hakim Olajuwan, Maýkl Jordon, Şakil O’Nil, Kobe Braýant hem-de LeBron Jeýmsden soň, yzly-yzyna 2-nji gezek MVP saýlanan 6-njy basketbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
“Golden Steýtiň” hem-de “Pittsburgyň” 5-nji ÝEŇŞI
Finala ýeňillik bilen çykdy
LeBron Jeýms we ýoldaşlary
LeBron we onuň ýoldaşlary
Dünýäniň iň köp pul gazanan türgenleri