Dünýä Kubogyna 33 gün galdy

Ilkinji duşuşyk Ýaponiýa bilen

Geljek ýylyň başynda, has takygy, 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary 1-nji fewraly aralygynda BAE-de geçiriljek 17-nji Aziýa Kubogynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy “F” toparçada çykyş eder.

Ildeşlerimiz bu toparçada Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.Türkmen futbolçylary ilkinji synanyşygyny 9-njy ýanwarda bu kubogy iň köp gazanan Ýaponiýanyň garşysyna geçirerler.Duşuşyk Abu Dabi şäherinde Al Nahýan stadionynda oýnalar.

Milli toparymyz 2-nji duşuşygyny 13-nji ýanwarda Dubaýdaky Maktum bin Raşid Al Maktum stadionynda Özbegistanyň ýygyndysy bilen oýnar.Ildeşlerimiziň toparçadaky jemleýji duşuşygy-da Oman bilen bolar we ol 17-nji ýanwarda Abu Dabi şäherindäki Mohammed bin Zaýed stadionynda geçiriler.

Toparçada 12-nji ýeri alanlar hem-de 3-nji orny eýelänleriň iň gowy 4-si 2-nji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanar.1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän Aziýa Kubogy ýaryşynda ilkinji gezek 24 ýygyndy çykyş eder. Çempionatyň duşuşyklary ýurduň Abu Dabi, Dubaý, Şarjah hem-de Al-Ain şäherlerindäki 8 sany stadionda oýnalar.

Gatnaşýan 24 toparyň 3-si — Gyrgyz Respublikasynyň, Filippinleriň hem-de Ýemeniň ýygyndylary ilkinji gezek Aziýa Kubogynda çykyş eder.Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşa 2-nji ýola gatnaşyp, ildeşlerimiz 2004-nji ýylda-da Aziýa Kubogyna wekilçilik edipdi.

Aziýa Kubogynda iň köp Ýaponiýanyň ýygyndysy ýeňiji boldy.Olar 1992-nji, 2000-nji, 2004-nji hem-de 2011-nji ýyllarda yklymyň iň ulusy bolmagy başarypdylar. Şeýle-de Eýran (1968, 1972, 1976) bilen Saud Arabystanynyň (1984, 1988, 1996) ýygyndylary 3 gezek ýeňiş gazandy.

Ilkinji 2 ýaryşda ýeňiji bolan we şondan bäri-de 4 gezek finalda utulan Günorta Koreýanyň 2 (1956, 1960) kubogy bar.Ysraýyl (1964), Kuweýt (1980), Yrak (2007) hem-de Awstraliýanyň (2015) ýygyndylary-da Aziýa Kubogynda 1 gezek çempion diýen ady eýeledi.

“Marselmi” ýa-da “Atletiko”?

UEFA Ýewropa ligasynyň finalçylary “Marsel” bilen “Atletiko” mundan ozal 2 gezek gabatlaşdylar. 2009/10 möwsüminde Çempionlar ligasynyň toparçalarynda oýnalan bu oýunlarda “Atletiko” öz meýdançasynda 21 ýeňýär.Jogap oýny golsuz deňlikde tamamlanýar. “Marsel” bu ýaryşda 1999-njy we 2004-nji ýyllarda finala çykyp, ikisinde-de ýeňlişe sezewar bolýar. “2010-njy we 2012-nji ýyllarda finala çykan Atletiko” ikisinde-de kubogy asmana göterýär. Ýewropa ligasynyň 47-nji möwsüminiň finaly öňümizdäki çarşenbe güni, ýagny 16-njy maýda Fransiýanyň Lion şäherindäki “Lion Olimpik Park” stadionynda oýnalar.

Oýun Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanar.Duşuşykda gollandiýaly Býorn Kuipers jürlewük çalar. 45 ýaşyndaky emin 2013-nji ýyldaky “Benfika” bilen “Çelsiniň” arasyndaky finala-da eminlik edipdi.

Ol 2014-nji ýylda “Real” bilen “Atletikonyň” arasyndaky Milanda oýnalan Çempionlar ligasynyň finalynda-da jürlewük çalypdy.

Uly finalyň emini Mažiç

“Real Madrid” bilen “Liwerpulyň” arasynda 26-njy maýda Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki Olimpiýa stadionynda oýnaljak UEFA Çempionlar ligasynyň finalyna serbiýaly Milorad Mažiç eminlik eder. 45 ýaşly emin Çempionlar Ligasynda ilkinji gezek finalda jürlewük çalar. 23:45-de başlanjak şol finalda Mažiçe meýdanyň 2 gapdalynda Milowan Ristiç bilen Dalibor Džurdžewiç ýardam berer.

Oýnuň 4-nji emini-de fransiýaly Klemen Turpen bolar.

“Kliwlend”—“Boston” hem-de “Golden Steýt”—“Hýuston”

Amerikanyň Milli Basketbol ligasy NBA-da pleý-off tapgyry ýokary depginde dowam edýär. 1976-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Los Anjeles we Nýu Ýork şäherleriniň toparlarynyň çykyş etmeýän pleý-off tapgyrynda Konferensiýalaryň çärýekdir ýarym final oýunlary tamamlandy.

Ilki çärýek finallar barada aýtsak, Gündogar konferensiýasynda “Toronto Reptors” 6 oýnuň netijesinde “Waşington Wizardsdan” 42, 17 ýyldan soň pleý-offlara çykan “Filadelfia 76ers” topary “Maýami Hiti” 41 hasabynda ýeňdi. 7 oýnuň netijesinde ýeňijisi kesgitlenen duşuşyklarda NBA-nyň wise-çempiony “Kliwlend Kawaliers” “Indiana Peýsersi” hem-de “Boston Seltiks” topary-da “Milwaki Baksy” 43 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Günbatar konferensiýasynda adaty möwsümiň iň başarnykly topary “Hýuston Rokets” “Minnesota Timberwolwesi” hem-de soňky çempion “Goldes Steýt Warriors” “San Antonio Sparsy” 41 utdy. Öz konferensiýasyny 3-nji hatarda tamamlan “Portland Treýl Bleýzers” garaşylmadyk ýagdaýda “Nýu Orleans Pelikansdan” 4 duşuşykda-da ýeňildi. Şeýle-de “Oklahoma Siti Tander” topary “Ýuta Jazzdan” 6 duşuşygyň netijesinde 42 asgyn geldi.Ýarym final tapgyrynda Gündogar konferensiýasynda “Kliwlend” topary 5 oýnuň netijesi boýunça “Torontony” 41 hasabynda ýeňip, finala çykdy.

NBA-nyň iň köp çempion bolan topary “Boston” hem ýylyň garaşylmadyk netije görkezen kluby “Filadelfiýany” 5 duşuşygyň 4-sinde ýeňip (41), finalçy boldy.Günbatar konferensiýasynda-da garaşylýan toparlar finala çykdy. Ýagny “Hýuston” topary “Ýuta Jazzdan”, NBA-nyň soňky çempiony “Golden Steýt” topary “Nýu Orleans Pelikansdan” 5 oýnuň 4-sinde üstün çykyp, Günbataryň finalçylary boldy.

Konferensiýalaryň finaly duşuşyklary 1428-nji maý aralygynda geçirilip, 4 duşuşykda ýeňiş gazanan topar NBA-nyň finalyna çykar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Finala ýeňillik bilen çykdy
Jeýms 4-nji, Nowitski 6-njy orna geçdi
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
NBA-nyň täze möwsümi
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy