Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan: Liwana goldaw bermäge dowam ederis" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Ankarada saparda bolýan Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikati bilen Prezidentiň Kompleksinde duşuşandygyny habar berýär.Prezident Erdogan Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikati bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda, Türkiýäniň Liwany goldamaga dowam etjekdigini belläp: "Geçen ýyl söwda mukdarymyzy 80 göterim artdyryp, 1,8 milliard dollara ýetirdik. Şol görkezijini has hem ösdürmek üçin ediljek ädimleri maslahatlaşdyk.

Beýrut portunyň täzelenmegi üçin kärhanalarymyz maýa goýmaga taýar" diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: "Ministr Akar Azerbaýjanyň Goranmak ministri Hasanow bilen duşuşyk geçirdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn Ankarada Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen duşuşyk geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn we sebitleýin goranyş we howpsuzlyk meseleleri bilen goranyş senagaty ugrunda ediljek hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Star gazedi: "Türkiýe bilen gatnaşyklaryny resmi ýagdaýda ýaranlyk derejesine ýetirdiler" söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary resmi ýagdaýda ýaranlyk derejesine çykarýan Şuşa beýannamasyny kabul edendigini mälim edýär. Şuşa beýannamasy 2021-nji ýylyň 15-nji iýunynda Garabagyň simwol şäheri bolan Şuşa şäherinde Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan gol çekişilipdi.

Watan gazedi: "Ministr Çawuşogly Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýerhowy kabul etdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow bilen duşuşyk geçirendigini beýan edýär. Duşuşykda halkara meseleler bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklar ele alyndy.

Haber Türk gazedi: "NBA-da Jedi 12 pas bilen karýerindäki rekordyny goýdy" söz başyly habarynda, Amerikan Basketbol ligasynda (NBA) Kliwlend Kawalýers toparynda oýnaýan Jedi Osmanyň, 93-90 hasaby bilen ýeňen Nýu-Orlean Pelikans duşuşygynda 12 pas bilen karýerasynyň rekordyny goýandygyny aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjüm barada beýannama berdi
Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy