Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi

Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hususy telewideniýe kanallarynyň birine beýanat berdi.

Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilen Siriýa temaly maslahatyň maý aýynyň başynda geçirilip bilinjekdigini habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly: "Öňümizdäki tapgyrda Dört taraplaýyn häsýetde bir maslahatyň geçirilmegini meýilleşdirýäris. Daşary işler ministrleri derejesinde. Maý aýynda geçiriljekdigini pikir edýäris, ruslarda alan deslapky maglumatymyza görä. Moskwada geçiriler, ozalky maslahatda bolşy ýaly" diýip mälim etdi.

3-4-nji aprel aralygynda Moskwada Türkiyäniň, Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Dört taraplaýyn tehniki maslahat geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar