Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi

Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Antalýa şäherindäki TOGG sergi meýdançasynda Türkmenistanyň ak reňkli TOGG türk elektrik awtoulagyna isleg bildirýändigini aýtdy. Bu barada Türkiýäniň “TRT Haber” teleýaýlymy şenbe güni habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň isleg bildirýän elektrik awtoulaglarynyň bir aýyň içinde öndüriljekdigini mälim etdi.

Şeýle hem Türkiýäniň Daşary işler ministri dünýäniň dürli künjeklerinden, esasan hem Türki döwletlerden Türkiýede öndürilen TOGG awtoulagyna uly gyzyklanmanyň bardygyny belledi.

Ilkinji TOGG elektrik awtoulagy sişenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gowşuryldy.

TOGG türk awtoulagynyň önümçilik zawody geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkiýäniň Bursa welaýatynda açyldy. Awtoulag iki görnüşde bolup, olar 200 we 400 at güýjüne eýe bolan elektrik hereketlendirijilidir. Bu awtoulagyň iň güýçli görnüşi 100 km/sag tizlige 4,8 sekuntda ýetmäge ukyplydyr. TOGG kompaniýasy bu awtoulagyň 4 modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa “C” kysymly sedany 2024-nji ýylda öndürip başlar.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi