“Maýami Hit” 6 ýyldan soň konferensiýanyň finalynda

Amerikanyň Milli Basketbol Ligasy NBA-da Gündogar konferensiýanyň ilkinji finalçysy belli boldy. 1-nji tapgyrda “Indiana Peýsersi” 4 duşuşykda ýeňen “Maýami Hit” ýarym finalda “Milwaki Baks” toparyndan 5 duşuşygyň netijesinde

4:1 hasap bilen üstün çykdy. 6 ýyldan soň finala çykan Maýaminiň Gündogar

konferensiýanyň jemleýji duşuşygyndaky garşydaşy-da “Boston Seltiks” ýa-da “Toronto Reptors” bolar.

Günbatar konferensiýada bolsa, Los Anjeles şäheriniň 2 wekili finala golaý. “LA Leýkers” 4 oýundan soň, “Hýuston Roketsden” 3:1 öňde barýar. Edil şonuň ýaly, “LA Klippers” hem “Denwer Naggetsi” 4 oýnuň 3-sinde ýeňip, umumy hasapda 3:1 öňe saýlandy.

Ýene degişli makalalar

GYSGA SETIRLERDE
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Finalçylar belli boldy
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Taryhdaky iň gymmat şertnama