UEFA Çempionlar ligasynyň 66-njy möwsümi

Futbol janköýerleriniň uly gyzyklanma bildirýän bäsleşigi UEFA Çempionlar ligasynyň täze 66-njy möwsümine geljek hepdäniň sişenbe güni badalga berler. Adatylardan bir aý giç başlaýan täze möwsümiň toparçalarynda futbol janköýerlerine biri-birinden gyzykly duşuşyklaryň garaşýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. Olaryň özara ozalky duşuşyklaryna seredenimizde welin, taryhy duşuşyklaryň şaýady bolýarys.

BAWARIÝAATLETIKO

A toparçada soňky çempion Bawariýa bilen Atletikonyň arasyndaky 2 duşuşyk hem hemmäniň üns merkezinde bolar.Iki klub häzirki güne çenli 6 gezek gabatlaşdylar. 1974-nji ýyldaky final oýnunda duşuşan iki toparyň şol oýny 11, gaýtadan geçirilen finalda bolsa, Bawariýa 40 ýeňiş gazanypdy.

Iki topar 2016-njy ýylda-da 4 gezek duşuşdylar.Ilki 201516 möwsüminiň ýarym finalynda Atletiko öz meýdançasynda 10 utýar, jogap oýnunda-da 21 ýeňilse-de finala çykýar. 201617 möwsümiň toparçalaryndaky duşuşyklarda bolsa, her topar öz meýdançasynda 10 ýeňiş gazanýar.

Bawariýa topary RB Salsburg bilen resmi duşuşykda gabatlaşmady.Olar Moskwanyň Lokomotiwini ozalky UEFA Kubogynda myhmançylykda 50 utup, öz meýdançasynda 10 ýeňilýär.

REAL MADRID—INTER

B toparçadaky iň esasy duşuşyk Real Madrid bilen Interiň arasyndaky oýun bolar.Iki klub UEFA-nyň ýaryşlarynda 8 gezek özara duşuşyk geçirdiler. Şolaryň 4-sinde ispanlar, 4-sinde hem italýanlar ýeňiş gazandy.

Real bilen Borussiýa M toparlary ozal 4 gezek gabatlaşdylar. Şolaryň arasyndaky soňky 2 oýun taryhy duşuşyk hökmünde hasaba alnypdy. 198586 UEFA Kubogynyň 3-nji tapgyrynda nemes kluby öz meýdançasynda 51 ýeňýär. Ýöne jogap oýnunda ispanlar Waldano we Santilýanyň hersiniň 2 goly bilen 40 utýar. Şol möwsümiň ahyrynda Real kubogy eýeleýär.

Olaryň 1976-njy ýyldaky 2 duşuşygy bolsa deňlikde gutarýar (11, 22).Real 2015-nji ýylda toparçalarda Şahtýory myhmançylykda 43, öz meýdançasynda-da 40 utýar. Şahtýor bilen Inter geçen awgust aýynda Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynda duşuşypdylar we italýanlar 50 ýeňiş gazanypdy.

Ondan öňki 2 oýun hem 11 we 02 Interiň peýdasyna tamamlanypdy.Inter bilen Borussiýa M toparlary-da 1970-nji ýyllarda 4 gezek duşuşdylar.Germaniýadaky 2 oýun deňlikde tamamlanyp (00, 11), Milandaky oýunlarda her klub 1 gezek ýeňiş gazandy.

C toparçada Portony 40 we 21 hasaplar bilen ýeňen Mançester Siti topary Olimpiakos hem-de Marsel bilen resmi duşuşyk geçirmedi. D toparçada toparlaryň 4-si hem ilkinji gezek resmi ýagdaýda duşuşyk geçirerler.

E toparçadaky 4 topardan diňe Sewilýa bilen Krasnodar ozal gabatlaşdy. 2018-nji ýylda Ýewropa ligasynda Ispaniýada Sewilýa 30, Russiýada bolsa Krasnodar 21 utdy. Toparçadaky galan oýunlar UEFA-nyň taryhyndaky özara ilkinji duşuşyklar bolar.

F toparçada deňeçerräk klublar duşuşar. 1995-nji ýylda Ýewropa ligasynda Lasio topary Borussiýany Rimde 10 utsa, Dortmundda 20 utulýar.Borussiýa 2014-nji ýylda Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Zeniti myhmançylykda 42 ýeňip, öz meýdançasynda ondan 21 ýeňilýär.

Dortmundlylar K.Brýugge bilen ozalky 6 duşuşygynda 3, belgiýalylar bolsa 2 gezek ýeňdi.Zenit bilen K.Brýugge 1987-nji ýylda UEFA Kubogynda duşuşyp, Sankt-Peterburgda Zenit 20, Brýusselde ýer eýeleri 50 utýar.

Zenit bilen Lasio hem-de Lasio bilen K.Brýugge ilkinji gezek duşuşarlar.

Ýuwentus—Barselona

10-njy gezek, ýöne…

G toparçadaky 2 duşuşygyň ýagny Ýuwentus bilen Barselonanyň, başgaça aýdylanda, Kristiano Ronaldo bilen Lionel Messiniň özara duşuşygy tapgyryň iň esasy 2 oýny hökmünde görülýär. Ýöne häzirki ýagdaýda Ronaldonyň Turindäki boljak 1-nji oýunda oýnamazlygy mümkin. 28-nji oktýabrda oýnaljak ÝuwentusBarselona oýny olaryň özara 10-njy resmi duşuşygy bolar.

Mundan öňki 9 oýnuň 4-si deňlikde tamamlanýar. 1986-njy ýyldaky häzirki Çempionlar ligasynyň (ozalky Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy) çärýek finalynda Barselona öz meýdançasynda 10 utup, myhmançylykda 11 deňme-deň oýnaýar. 2003-nji ýyldaky çärýek finalda üstün çykan Ýuwentus bolýar.

Turindäki oýun 11 gutarsa-da, Kamp Nouda goşmaça wagtda 21 ýeňen Goja Sinýora şol möwsüm finala çykypdy. 2015-nji ýyldaky finalda bolsa, 31 hasabynda ýeňiş gazanan katalonlar kubogy eýeläpdi. 2 topar 2017-nji ýylda 4 gezek duşuşdylar. 201617 möwsüminiň çärýek finalynda Ýuwentus 30 we 00 hasaplardan soň, ýarym finala çykýar. 201718 möwsüminiň toparçalarynda-da şol hasaplar gaýtalanýar, ýöne Barselonanyň peýdasyna.

Ýuwentus topary Dinamony 3 gezek ýeňip, 1 sapar hem deňme-deň oýnady.Barselona bilen Dinamo Kiýewiň arasynda ýatdan çykmajak duşuşyklar hasaba alyndy. 199192 möwsüminde toparçada Barselona myhmançylykda 20, öz meýdançasynda 30 utýar. 199394 möwsüminde 2-nji tapgyrda Dinamo Kiýewde 31 ýeňse-de, myhmançylykda 41 asgyn gelýär. 199798 möwsüminde toparçalarda Kiýewde Dinamo 31, myhmançylykda-da Şewçenkonyň het-trik etmeginde 40 ýeňýär. 200910 möwsüminde-de ýene toparçalarda Barselona 20 we 21 hasaplar bilen üstün çykýar.

Dinamo Kiýew bilen Ferençwaroşyň arasyndaky ýatda galan duşuşyklaryň biri-de 1975-nji ýyldaky Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň finalydyr. Şonda kiýewliler Onişenko (2) we Blohiniň gollary bilen 30 utýar. 25 ýyldan soň, taryhynda 2-nji gezek bu ýaryşa gatnaşýan Ferençwaroş toparyna Dinamo Kiýewiň ozalky ýyldyzlaryndan Sergeý Rebrowyň tälim berýändigi hem aýratyn bellärliklidir.

H toparçada-da Mançester Ýunaýted bilen soňky finalçy PSŽ-niň arasyndaky duşuşyklar öňe saýlanýar. Olar mundan 2 möwsüm ozal duşuşypdylar. Şonda PSŽ myhmançylykda 20 utubam öz meýdançasynda 3-1 ýeňlipdi.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentus” 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek...
“Astana”, “Ludogores” toparlary ýaryşdan çykdy
PSW-niň kynlyk bilen, “Seltigiň” ynamly gazanan ýeňşi
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi
UEFA Ýewropa ligasy
“Arsenalyň” uly hasaply ýeňşi