PSW-niň kynlyk bilen, “Seltigiň” ynamly gazanan ýeňşi

UEFA Çempionlar ligasynda 2-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy.Gollandiýanyň wise-çempiony PSW öz meýdançasynda “Bazeli” kynlyk bilen ýeňdi.Oýnuň soňky 4 minutynda 2 gol geçiren PSW 32 hasabynda “Bazelden” üstün çykmagy başardy (Bruma 4, Lammers 89, Malen 90+3 — Aýeti 45+1, Alderte 79). Şotlandiýanyň “Seltik” topary öz meýdançasynda Estoniýanyň “Nymme Kalýu” toparyndan 50 üstün çykyp, 3-nji saýlama tapgyryna çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy. “Seltigiň” gollaryny Aýer, Kristie (2), Griffits, MakGregor derwezä girizdi.

Azerbaýjanyň çempiony “Garabag” myhmançylykda Irlandiýanyň “Dandolk” kluby bilen 11 deňme-deň oýnady. “BATE Borisow” bolsa, öz meýdançasynda “Rosenborgy” 21 ýeňdi. “Kopengagen”, “Dinamo Zagreb” toparlary-da myhmançylykda garşydaşlaryndan 20 üstün çykyp, nobatdaky tapgyra çykmak ugrunda bir ädim öňe saýlandylar.

Jogap oýunlary 3031-nji iýulda oýnalar.2-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri:“Saburtalo Tbilisi”“Dinamo Zagreb”: 02, “Nýu Seýnt”“Kopengagen”: 02, “Sutýeska Nikşiç”APOEL: 01, “Seltik”“Nymme Kalýu”: 50, “Dandolk”“Garabag”: 11, “Srwena Zwezda”HJK: 20, “Maribor”AIK: 21, “Ferençwaroş”“Walletta”: 31, “KFF Kluž”“Makkabi T.”: 10, “BATE Borisow”“Rosenborg”: 21, PSW“Bazel”: 32, “Wiktoriýa Plzen”“Olimpiakos”: 00.

Ýene degişli makalalar

“Astana”, “Ludogores” toparlary ýaryşdan çykdy
“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi
UEFA Ýewropa ligasy
“Arsenalyň” uly hasaply ýeňşi
5 topar ýaryşy dowam eder