“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi

UEFA Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyrynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy we yklymyň öňdebaryjy toparlarynyň käbiri üçin ýaryşyň täze möwsümi başlamazdan tamamlandy.Tapgyryň iň ýatda galan duşuşygy “Porto” bilen “Krasnodaryň” arasynda boldy. 1-nji oýunda soňky minutlarda geçirden goly esasynda 10 utulan “Krasnodar” jogap duşuşygynda 34 minutda 3 pökgi geçirdi.

Wilhena (3) we Suleýmanowyň (13, 34) gollary bilen öňe saýlanan rus topary 2-nji ýarymda 2 gol (Ze Luiş 57, Luiz Diaz 76) geçirtse-de, myhmançylykda köp golly gazanylan ýeňşiň netijesinde, pleý-off tapgyrynda oýnamaga ygtyýar aldy (32). Çempionlar ligasyna iň köp gatnaşan toparlaryň biri bolan “Porto” welin, yzygiderlilikde 7 möwsümden bäri çykyş edip gelýän ýaryşyna şu ýyllyk arakesme bermeli bolar.

Azerbaýjanyň “Garabagy” hem edil “Porto” ýaly 1-nji oýunda myhmançylykda ýeňiş gazanyp (21), öz meýdançasynda asgyn geldi.Azeri topary öz meýdançasynda Kipriň APOEL klubundan 20 utulyp (De Winsenti 34 p, Matiç 68), ýaryşdan çykdy.Geçen möwsümiň ýarym finalçysy “Aýaks” kynlyk bilen hem bolsa, PAOK-y 32 hasabynda ýeňmegi başardy (Tadiç 43 p, 85 p, Tagliafiko 79 — Biseswar 23, 90+4).

Ilkinji gezek bu ýaryşa gatnaşýan Awstriýanyň LASK topary öz meýdançasynda-da “Bazeli” utdy.Myhmançylykda 21 ýeňiş gazanan LASK, “Linzer” stadionynda 31 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.Soňky minutlary dartgynly we golly geçen duşuşykda Kiýewiň “Dinamosy” “Klub Brýugge” bilen 33 deňme-deň oýnady (Buýalski 6, Şepelýew 50, Miçel 90+3 ö.d. — Deli 38, Wormer 88, Openda 90+5). “Dinamo” bassyr 3-nji möwsümden bäri Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilmän gelýär.Şotland topary “Seltik” hem tapgyryň şowsuz klublarynyň biri boldy.

Myhmançylykda deňme-deň oýnan “Seltik” öz meýdançasynda Rumyniýanyň çempiony “KFR Kluždan” 43 utuldy.Rumynlar ýeňiş goluny 90+7-nji minutda derwezä girizdi (Forrest 51, Eduard 61, Kristi 76 — Deaç 27, Omrani 74 p, 80, Sukudýan 90+7).“Kopengagen” bilen “Srwena Zwezdanyň” arasyndaky 2-nji oýunda-da 11-lik hasap gaýtalandy.

Netijede, penaltilerden soň, serb topary ýaryşy dowam etdiren tarap boldy.Oýnuň ahyrynda her topardan 11 oýunçy penalti urgusyny ýerine ýetirdi. Şeýle-de Norwegiýanyň “Rosenborgy” öz meýdançasynda-da “Maribory” 31 ýeňip, pleý-off tapgyryna ýollanma aldy.Çempionlar ligasyna gatnaşjak soňky 5 kluby kesgitlejek pleý-off tapgyrynyň oýunlary 20—21-nji hem-de 27—28-nji awgustda oýnalar.

3-nji saýlama tapgyrynyň netijeleri:“Porto”“Krasnodar”: 23 (10), “Garabag”APOEL: 02 (21), “Seltik”“KFR Kluž”: 34 (11), “Aýaks”PAOK: 32 (22), “Ferençwaroş”“Dinamo Zagreb”: 04 (11), “Kopengagen”“Srwena Zwezda”: 11 (11, 67 p), “Rosenborg”“Maribor”: 31 (31), “Olimpiakos”“Istanbul Başakşehir”: 20 (10), “Dinamo K.”“K.

Brýugge”: 33 (01), LASK“Bazel”: 31 (21).Pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary:“Dinamo Z.”“Rosenborg”, “KFR Kluž”“Slawiýa Praga”, “Ýang Boýs”“S.Zwezda”, APOEL“Aýaks”, LASK“K.

Brýugge”, “Olimpiakos”“Krasnodar”.

Ýene degişli makalalar

“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
UEFA-nyň täze ýaryşynyň bijeleri çekildi