“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy

UEFA Çempionlar ligasynda 2-nji saýlama tapgyrynyň jogap oýunlary oýnaldy.Tapgyryň iň esasy oýnunda gollandlaryň PSW-si myhmançylykda “Bazelden” 21 ýeňlip (Komert 8, Wan Wolfswinkel 68 — Bruma 23), ýaryşdan çykdy. 1-nji oýunda gazanylan ýeňiş (3-2) eýndhowenlilere ýaryşy dowam etdirmek üçin ýeterlik bolmady. Şweýsariýanyň wise-çempiony 3-nji saýlama tapgyrynda Awstriýanyň wise-çempiony Lins şäheriniň LASK topary bilen duşuşar.

Golsuz geçen 1-nji oýnuň jogap duşuşygynda “Olimpiakos” topary “Wiktoriýa Plzeni” Gilerme (2), Guerrero hem-de Semedonyň gollary bilen 40 hasabynda ýeňdi. Şeýle-de Azerbaýjanyň “Garabag” topary-da irlandlaryň “Dandolk” toparyny 30 ýeňip, 3-nji saýlama tapgyryna ýollanma aldy.2-nji saýlama tapgyrynyň jogap oýunlary: “Makkabi T.”“KFR Kluž”: 22 (01), “Rosenborg”“BATE Borisow”: 20 (12), “Kopengagen”“Nýu-Seýnts”: 10 (20), “Walletta”“Ferençwaroş”: 11 (1-3), “Garabag”“Dandolk”: 30 (11), “Dinamo Zagreb”“Saburtalo Tbilisi”: 30 (20), “Nömme Kalýu”“Seltik”: 02 (05), HJK“Srwena Zwezda”: 21 (02), APOEL“Sutýeska Nikşiç”: 30 (10), AIK“Maribor”: 32 g.w. (12), “Olimpiakos”“Wiktoriýa Plzen”: 40 (00), “Bazel”PSW: 21 (23).3-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary (67-nji hem-de 13-nji awgust): “KFR Kluž”“Seltik”, APOEL“Garadag”, PAOK“Aýaks”, “Dinamo Zagreb”“Ferençwaroş”, “Srwena Zwezda”“Kopengagen”, “Maribor”“Rosenborg”, “Istanbul Başakşehir”“Olimpiakos”, “Krasnodar”“Porto”, “Klub Brýugge”“Dinamo Kiýew”, “Bazel”LASK.

Ýene degişli makalalar

“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi
PSW-niň kynlyk bilen, “Seltigiň” ynamly gazanan ýeňşi
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy