UEFA Ýewropa ligasy

Düýn UEFA Ýewropa ligasynyň täze möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri hem mälim edildi. 48 klub 12 toparça paýlandy. Ýewropa ligasynyň 11-nji, umumylykda 49-njy möwsümine gatnaşýan toparlaryň arasynda “Mançester Ýunaýted”, “Arsenal”, “Roma”, “Sewilýa”, “Porto” ýaly yklymyň öňdebaryjy klublary hem bar. Ýewropa ligasynda şu möwsümde jemi 26 döwletiň kluby çykyş eder.

Portugaliýadan 4, Ispaniýadyr Angliýadan, Türkiýeden, Gollandiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan 3, Italiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Ukrainadan, Belgiýadan, Awstriýadan hem-de Şotlandiýadan 2 klub gatnaşar.Bäsleşige 12 ýurt (Daniýa, Kipr, Serbiýa, Şwesiýa, Norwegiýa, Gazagystan, Azerbaýjan, Bolgariýa, Rumyniýa, Slowakiýa, Wengriýa, Lýuksemburg) 1 klub ugratdy.

Rim, Stambul, Glazgo şäherlerinden 2 wekil çykyş eder.Awstriýanyň 2 topary LASK, “Wolfsberg”, şol sanda, “Aleksandriýa”, “Wulwerhempton” klublary Ýewropa ligasynda ilkinji gezek özüni görkezer. “Espanýol” bilen “Ferençwaroş” hem Ýewropa ligasy ady bilen geçirilip başlany bäri ilkinji gezek gatnaşýar.Toparçalardaky duşuşyklar 19-njy sentýabrda, 3-nji oktýabrda, 24-nji oktýabrda, 7-nji noýabrda, 28-nji noýabrda hem-de 12-nji dekabrda oýnalar.

Final duşuşygy 2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Polşanyň Gdansk şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

5 topar ýaryşy dowam eder
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi
Ýewropada çempiony belli bolan çempionatlar
“Astana”, “Ludogores” toparlary ýaryşdan çykdy
PSW-niň kynlyk bilen, “Seltigiň” ynamly gazanan ýeňşi
“Arsenalyň” uly hasaply ýeňşi