“Arsenalyň” uly hasaply ýeňşi

UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklaryň 9-sy deňlikde gutardy. Şolaryň 2-sinde hasap açylmady.Geçirilen 24 duşuşygyň 8-sinde myhmanlar, 7-sinde bolsa, ýer eýeleri ýeňiş gazandy.Ispan toparlarynda “Sewilýa” APOEL-i 10, “Hetafe” myhmançylykda “Krasnodary” 21 hasabynda ýeňip, 2-nji duşuşyklaryny-da ýeňiş bilen tamamlady. 1-nji oýunda 30 ýeňiş gazanan “Arsenal” öz meýdançasynda “Standardyň” torundan jogapsyz 4 gol girizdi.

Esasy düzümde aglaba ýaşlary meýdança çykaran Unaý Emeriniň şägirtlerinden Martinelli (2), Willok hem-de Seballos tapawutlandy.Şeýle-de myhmançylykda “Rosenborgy” 41 ýeňen PSW bilen “Ferençwaroşy” 30 hasabynda utan “Ludogores” hem utuklaryny 6-a ýetirdi.

APOEL, “Krasnodar”, “Rosenborg”, “Witoriýa” (Gimaraýnş), SSKA M, “Beşiktaş” hem-de “Astana” toparlary bu tapgyrda-da ýeňlişe sezewar boldular.Myhmançylykda Moskwanyň SSKA toparyny 20 hasabynda ýeňen “Espanýol” klubunyň 1-nji goluny 64-nji minutda hytaýly Wu Lei derwezä girizdi.

Ol UEFA-nyň ýaryşlarynda tapawutlanan ilkinji hytaýly futbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

5 topar ýaryşy dowam eder
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi
PSW-niň kynlyk bilen, “Seltigiň” ynamly gazanan ýeňşi
“Olimpiakosdan” uly hasaply ýeňiş
“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy
Şwesiýada “Malmö”, Norwegiýada “Bude-Glimt”