Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär

UEFA-nyň birinji derejeli ýaryşynyň 6-njy möwsümi 19601961-nji ýyllarda geçirilýär. 28 toparyň gatnaşan ýaryşynda norweg topary ilkinji gezek çykyş edýär. Ozalkylar ýaly formatda geçirilen ýaryşyň saýlama tapgyryny “Barselona”, “Benfika” ýaly toparlar ýeňillik bilen geçýär. “Ýuwentus” bu gezek hem saýlama tapgyryny geçip bilmän ýaryşdan çykýar.

“Realy” ýaryşdan çykaran ilkinji topar1-nji tapgyryň iň esasy oýny “El-Klasiko” bolup, “Barselona” topary soňky 5 ýylyň çempiony “Real Madridden” üstün çykýar.

Mundan öňki bäsleşigiň ýarym finalynda utulan “Barselona” bu gezek “Madridde” 22 (Mateos 1, Hento 33 — Luis Suares 27, 88 p) deňme-deň oýnap, öz meýdançasynda-da 21 ýeňýär.Jogap duşuşygynda katalonlaryň gollaryny Werges bilen Ewaristo derwezä girizýär. Şeýlelikde, “Barselona” ezeli bäsdeşi “Real Madridi” UEFA-nyň 1-nji derejeli ýaryşyndan çykaran ilkinji topar bolýar.

Portugal topary “Benfika” 1-nji tapgyrda “Uýpeşt Dožany” öz meýdançasynda 61 ýeňýär.Bu ýeňiş olara jogap oýnunda utulsalar hem, çärýek finala çykmak üçin ýeterlik bolýar (21).

Atdaş futbolçylar “Benfikany”ýarym finala çykarýarÇärýek finalda “Barselona” çeh topary “Spartak Grades-Kraloweni” öz meýdançasynda Tehada (2), Ewaristo hem-de Kubalanyň gollary bilen 40 ýeňýär.

Jogap oýny 11 deňlikde gutaryp, katalonlar 2-nji gezek ýarym finala çykýar. “Benfika” bolsa Daniýanyň “Orhus” toparyny 31 we 41 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.Duşuşyklarda Žoze Aguaş bilen Žoze Augustonyň hersi 3 gol geçirýär. “Hamburg” 1-nji oýunda “Býornliden” 31 utulsa-da, Uwe Sileriň 2 gol geçiren jogap duşuşygynda 41 utup, ýarym finala ýollanma alýar.

Awstriýanyň paýtagty Wena şäheriniň wekili “Rapid” şwed topary “Malmöni” 2 ýerde-de 20 hasaplar bilen ýeňmegi başarýar.

Täze finalçylarÝarym final duşuşyklary çekeleşikli geçýär. “Barselona” topary “Hamburgy” öz meýdançasynda Ewaristonyň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňýär.Jogap oýnunda “Hamburg” Wulf we Sileriň gollary bilen 21 utýar.

Netijede, 3-nji duşuşyk oýnalmaly bolýar. 3-nji oýunda-da “Barselona” Ewaristonyň ýeke-täk goly bilen 10 utup, taryhynda ilkinji gezek finala çykýar.Beýleki finalçy-da “Benfika” bolýar.

Portugal topary “Rapidi” öz meýdançasynda Koluna, Aguaş we Kawemiň gollary bilen 30 utýar.Jogap oýny bolsa 11 deňlikde tamamlanýar.

“BARSELONANYŇ” Wengerhüjümçileriniň gollary ýeňşe ýetmeýärFinal duşuşygy 1961-nji ýylyň 31-nji maýynda 26732 janköýeriň şaýatlygynda Şweýsariýanyň paýtagty Berndäki “Wankdorf” stadionynda oýnalýar.

Ilkinji gezek finala çykan 2 topar “Benfika” bilen “Barselonanyň” arasyndaky bu duşuşyga şweýsariýaly Gottfrid Dienst eminlik edýär.Oýnuň 21-nji minutynda “Barselonanyň” wenger futbolçysy Sandor Koçiş hasaby açýar.

Soňra 31-nji we 32-nji minutlarda 2 gol geçiren “Benfika” garaşylmadyk ýagdaýda öňe saýlanýar.Ilki Žoze Aguaş tapawutlansa, soňra Antonio Ramallets topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesine girizýär. 55-nji minutda Mario Kolunanyň golundan soň, aratapawut 2 gola çykýar. 75-nji minutda “Barselonanyň” başga bir wenger ýyldyzy Zolta Siboryň goly ýeňiş üçin ýeterlik bolmaýar. Şunlukda, “Benfika” wengriýaly tälimçi Bela Guttmanyň ýolbaşçylygynda taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň häzirki Çempionlar ligasy, ozalky Ýewropanyň Çempion Klublar Kubogyny gazanmagy başarýar.

Başgaça aýdylanda, bassyr 5 kubogy alan “Real Madridiň” hökmürowanlygy soňlanyp, bäsleşigiň 6-njy ýylynda çempion üýtgeýär.

“Real Madrid” 262, “Bawariýa” 202, “Barselona” 187, “Mançester Ýunaýted” 154, “Ýuwentus” 140, “Milan” 125, “Liwerpul” 121, “Benfika” 113, “Porto” 110, “Aýaks” 102, “Arsenal” 101, “Seltik” 99, “Dinamo Kiýew” 98, “Inter” 86, “Çelsi” 83, “Anderleht” 70, “Borussiýa D” 70, “Atletiko” 70, “Srwena Zwezda” 65, PSW 64, “Lion” 64, “Reýnjers” 62, PSŽ 61, “Olimpiakos” 62, “Rosenborg” 58, “Galatasaraý” 57, “Walensiýa” 57, “Dinamo Zagreb” 55, “Sparta Praga” 53, “Şahtýor D” 52, “Stýaua” 52.

Iň köp ýeňiş gazanan toparlar

UEFA-nyň birinji derejeli klub bäsleşiginde iň köp çempionlyk gazanan, bu ýaryşa iň köp gatnaşan, iň köp duşuşyk geçiren toparlaryň sanawyny ozal beripdik.Bu gezek bolsa, iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň sanawyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Iň köp çempionlyk gazanan, iň köp gatnaşan, iň köp duşuşyk geçiren bu hasabatlar boýunça “Real Madrid” bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar.Bu hasabatlar boýunça öňde barýan ispan klubunyň, elbetde, iň köp ýeňiş gazanan topar boljakdygy hem ikuçsuzdyr. “Real Madrid” Ýewropanyň Çempion Klublar Kubogy ýa-da UEFA Çempionlar ligasy ýaryşynda geçiren 438 duşuşygynyň 262-sinde ýeňiş gazanyp, rekordyň eýesidir. 100 duşuşykda-da utulan “Realyň” 76 oýny deňlikde tamamlandy. “Real Madrid” ýaly 200 ýeňişden geçen 2-nji topar “Bawariýa” bolup, nemes kluby 348 duşuşygynyň 202-sinde meýdançany begençli ýagdaýda terk etdi. 34-nji orunlary “Barselona” bilen “Mançester Ýunaýted” eýeleýär.

Katalonlar 187, “mankunianlar” 154 oýunda garşydaşlaryndan üstün çykdy. “Ýuwentus”, “Milan”, “Liwerpul”, “Benfika”, “Porto”, “Aýaks” hem-de “Arsenal” 100-den köp ýeňiş gazanan toparlardyr.

UEFA Çempion Klublaryň Kubogy / UEFA Çempionlar ligasynda iň köp ýeňiş gazanan toparlar:

Ýene degişli makalalar

Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
16 duşuşyk 48 gol
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
“Real Madridiň” ýeňişli ýörişiniň başlangyjy