“Real Madridiň” ýeňişli ýörişiniň başlangyjy

Futbol janköýerleri üçin ähli ýaryşlar birýana, UEFA Çempionlar ligasy hem birýana.UEFA-nyň guramaçylygynda geçirilýän bu ýaryşyň saýlama tapgyrlaryny-da hasaba alanyňda, iýun aýynyň ahyrlaryna başlap, maýyň aýagyna-da (wagtal-wagtal final duşuşyklary iýunyň başlaryna-da oýnalýar) tamamlanýar. Çempionlar ligasy diňe bir janköýerleriň däl, eýsem, futbolçylar üçinem aýratyn uly orna eýedir.

Birnäçe futbolçy Çempionlar ligasynyň senasynyň özlerini tolgundyrýandygyny beýan edýär.Häzirki wagtda final tapgyryna 32 klubuň gatnaşýan ýaryşynda soňky ýyllarda Ýewropanyň öňdebaryjy toparlary çempionlyk gazanýar.Başgaça aýdylanda, ozalkylar ýaly bu kubogy eýelemek islendik kluba başardanok.

Eýsem, futbol janköýerleriniň iň köp gyzyklanma bildirýän ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasy haçan döredi?!

UEFA-nyň birinji derejeli ýaryşy hasaplanýan bu bäsleşik UEFA Çempionlar ligasy adyny alýança köp ýyl gerek bolýar.Fransiýanyň “L’Equipe” sport gazetiniň redaktory, ozalky futbolçy Gabriel Anonyň teklibi bilen dörän ýaryşa Ýewropa Kubogy (European Cup) ýa-da Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy (European Champion Clubs’ Cup) diýilýärdi.

Ano döredilenine köp wagt geçmedik UEFA bilen 1954-nji ýylyň dekabrynda duşuşyk geçirip, ýaryşy geçirmek barada teklip edýär.

Ýaryşyň ilkinjisi 1955-1956 möwsüminde guralýar. Ýaryşyň ady hem-de geçiriliş tertibi üýtgedilýänçä oňa diňe milli çempionatlaryň çempionlary gatnaşýar.Bäsleşigiň ilkinjisinde 16 topar çykyş edýär. 1-nji, çärýek we ýarym final tapgyrlaryndan ybarat bolan ýaryşyň finaldan galan ähli tapgyry 2 oýun esasynda geçirilýär.

Utulan-çykdy esasynda geçirilen ýaryşyň ilkinji duşuşygy 1955-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda oýnalýar.Lissabondaky ýerli “Sporting” bilen şol wagtky Ýugoslawiýanyň “Partizan” toparlarynyň arasyndaky oýun 33 deňlikde tamamlanýar.

Milos Milutonowiçiň 4 gol geçiren jogap oýnunda 52 ýeňiş gazanan “Partizan” çärýek finala çykýar. 1-nji tapgyrda “Real Madrid” Şweýsariýanyň “Serwette” toparyny, Awstriýanyň “Rapid Wien” topary Niderlandlaryň PSW-sini, Şotlandiýanyň “Hibernian” topary-da Germaniýanyň “Rot-Weiss Essen” toparyny ýaryşdan çykarýar. “Milan” şol wagtdaky Saar Protektoratynyň (wagtlaýynça döredilen zolak) “Saarbruken” toparyndan öz meýdançasynda 43 utulsa-da, myhmançylykda 41 ýeňip, çärýek finala adyny ýazdyrýar. “Anderleht” Wengriýanyň häzirki MTK, şol wagtky ady “Woros Lobogo” klubundan 63 we 41 hasaplar bilen ýeňilýär.

Fransiýanyň “Reýms” topary Daniýanyň “Orhus” toparyny (20, 22), Şwesiýanyň “Džurgarden” kluby-da Polşanyň “Gwardia Warşawa” toparyny ýeňmegi başarýar (00, 41).

Çärýek finaldaky duşuşyklar örän çekeleşikli geçip, “Real Madrid” öz meýdançasynda “Partizany” Kastanýo (2), Hento we Di Stefanonyň gollary bilen 40 ýeňýär.Myhmançylykda 30 utulan madridliler ýarym finala adyny ýazdyrýar.

Wenada “Rapid” bilen deňme-deň (11) oýnan “Milan” Italiýada uly hasap bilen 72 hasabynda utýar.Duşuşykda “Milanyň” şwed ýyldyzy Nordahl 2 gol geçirýär. Öz meýdançasynda 42 ýeňen “Reýms” topary myhmançylykda “Woros Lobogo” bilen 44 deňme-deň oýnaýar. “Hibernian” 2 oýunda-da “Džurgardeni” ýeňip, ýarym finala çykýar (31, 10).

Ýarym finalda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Milany” 42 ýeňýär. Italýan topary öz meýdançasynda 21 hasabynda ýeňiş gazansa-da, finala çykyp bilmeýär. Fransiýanyň “Reýms” topary-da “Hiberniany” 20 we 10 hasaplar bilen ýeňip, finalda oýnamaga hukuk gazanýar.

Final duşuşygy Pariždäki “Park de Prens” stadionynda oýnalýar. 38239 janköýeriň tomaşa eden oýnunda angliýaly Artur Edward Ellis jürlewük çalýar.Oýunda fransuz topary “Reýms” ilkinji 10 minutda Leblon we Templiniň gollary bilen 20 hasabynda öňe saýlanýar.

Duşuşygyň ýarym sagady dolanda, “Real” Alferdo Di Stefano we Hektor Rialyň gollary bilen hasaby deňleýär. 62-nji minutda Hidalgonyň golundan soň, fransuz kluby ýene bir ýola öňe çykýar. Ýöne ruhdan düşmedik ispan topary 67-nji minutda Manuel Markitosyň goly bilen ilki hasaby deňleýär, 79-njy minutda-da Rialyň goly esasynda ýeňşini baýram edýär. Şunlukda, 43 hasabynda üstün çykan “Real Madrid” UEFA-nyň täze ýaryşynyň ilkinji çempionlygyny gazanýar.

Bu ýeňiş madridlileriň şu ýaryşda yzly-yzyna gazanjak kuboklarynyň, ýeňişli ýörişiniň, yklymyň iň uly topary hökmünde ykrar edilmeginiň başlangyjy bolýar.

UEFA Çempionlar

ligasynyň taryhyndan

ÝEWROPA KUBOGY — 1955-1956

Gatnaşan topar: 16

Geçirilen duşuşyk: 29

Tora salnan gollar: 127 (ortaça 4,38)

Tomaşaçy: 900,021 (ortaça 31,035)

Iň netijeli oýunçy: Miloş Milutinowiç (“Partizan”) 8 gol

BIRINji tapgyr

“Sporting” (Portugaliýa)—“Partizan” (Ýugoslawiýa): 33, 25; “Woros Lobogo” (Wengriýa)—“Anderleht” (Belgiýa): 63, 41; “Serwette” (Şweýsariýa)—“Real Madrid” (Ispaniýa): 02, 05; “Rot-Weiss Essen” (Günbatar Germaniýa)—“Hibernian” (Şotlandiýa): 04, 11; “Džurgarden” (Şwesiýa)—“Gwardia Warşawa” (Polşa): 00, 41; “AGF Orhus” (Daniýa)—“Reýms” (Fransiýa): 02, 22; “Rapid Wien” (Awstriýa)—PSW (Niderlandlar): 61, 01; “Milan” (Italiýa)—“Saarbruken” (Saar Protektoraty): 34, 41.

Çärýek final

“Džurgarden”—“Hibernian”: 13, 01;

“Reýms”—“Woros Lobogo”: 42, 44;

“Real Madrid”—“Partizan”: 40, 03;

“Rapid Wien”—“Milan”: 11, 27.

Ýarym final

“Reýms”—“Hibernian”: 20, 10,

“Real Madrid”—“Milan”: 42, 12.

FINAL

“Real Madrid”—“Reýms”: 43

(Di Stefano 14, Rial 30, 79, Markitos 67 — Leblon 6, Templin 10, Hidalgo 62).

Ýene degişli makalalar

“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Real we Mançester Siti ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Dördünji ýaryşda-da çempion üýtgänok
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy