“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar

UEFA Çempionlar ligasynda “E”, F”, G”, H” toparçalarynda 5-nji duşuşyklar oýnaldy. Bu duşuşyklardan soň, “Borussiýa Dortmund” ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

“E” toparçada “Krasnodar” öz meýdançasynda Markus Bergiň ýeke-täk goly bilen “Renni” 1-0 ýeňip, Ýewropa ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Ýaryşyň debýutanty “Krasnodar” Çempionlar ligasynyň toparçalarynda ýeňiş gazanan 129-njy topar boldy.

Mälim bolşy ýaly, Çempionlar ligasynyň toparçalarynda 145 topar çykyş etdi. 1/8 finala ozal çykan “Sewilýa” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýunda iňlis kluby 40 hasabynda ýeňiş gazanyp, toparçada 1-nji ýeri eýeledi. “Çelsiniň” 4 goluny fransiýaly hüjümçi Oliwie Žiru derwezä girizdi. 34 ýaşly oýunçy Çempionlar ligasynda het-trik eden iň ýaşuly futbolçy boldy.

Umumylykda-da bu ýaryşda Ferenç Puşkaşdan (1965) soň het-trik eden iň ýaşuly 2-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

“F” toparçada öz meýdançasynda “Lasio” bilen 11 deňme-deň oýnan “Borussiýa Dortmund” 1/8 finala adyny ýazdyrmagy başardy. “Klub Brýugge” bolsa “Zenitden” 30 üstün çykyp, Çempionlar ligasynda 12 oýundan soň öz meýdançasynda ýeňiş gazandy.

“G” toparçadaky 2 oýun hem edil geçen tapgyrdaky ýaly birmeňzeş hasaplar bilen tamamlandy. “Barselona” ýene-de Messisiz oýnan oýnunda myhmançylykda “Ferenswaroşdan” 3-0 üstün çykyp, katalonlaryň gollaryny Grizmann, Breýtweýt hem-de Dembele geçirdi. “Ýuwentus” hem “Dinamo Kiýewi” 30 ýeňdi.

Oýunda Kieza, Ronaldo hem-de Morata tapawutlandy. 57-nji minutda tapawutlanan Kristiano Ronaldo karýerasyndaky 750-nji goluny geçirdi (“Real Madrid” 450 gol, “Mançester Ýunaýted” 118, Portugaliýanyň milli ýygyndysy 102 gol, “Ýuwentus” 75, “Sporting” 5).

“H” toparçadaky oýunlarda 11 gol geçirilip, 3 topar 9 utuk bilen 1/8 finala çykmak ugrunda ýiti göreş alyp barýar.Tapgyryň merkezi oýnunda PSŽ myhmançylykda “Mançester Ýunaýtedi” 31 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda Neýmar 2 gezek tapawutlandy. “Istanbul Başakşehir” bilen “Leipsigiň” arasyndaky oýunda türk klubunyň oýunçysy Irfan Kahweji 3 gol geçirdi. Çempionlar ligasynda het-trik eden 4-nji türk futbolçy bolan Kahweji het-trik edip utulan 3-nji oýunçy (Ronaldo, Beýl) hökmünde hasaba alyndy.

Şunlukda, “Bawariýa”, “Mançester Siti”, “Çelsi”, “Sewilýa”, “Barselona”, “Ýuwentus”, “Liwerpul”, “Porto” hem-de “Borussiýa Dortmund” toparlary 1/8 finalçylar bolup, 6-njy oýunlardan soň, olaryň hataryna ýene-de 7 klub goşular.

“Krasnodar” “Renn”: 10 (Markus Berg 71)

“Sewilýa” “Çelsi”: 04 (Oliwie Žiru 8, 54, 74, 83 p)

“Borussiýa D” “Lasio”: 11 (Guerreiro 44 Immobile 67 p)

“Klub Brýugge” “Zenit”: 30 (De Ketelaere 33, Wanaken 58 p, Lang 73)

“Ýuwentus” “Dinamo K”: 3-0 (Kieza 21, Ronaldo 57, Morata 66)

“Ferenswaroş” “Barselona”: 0-3 (Grizmann 14, Breýtweýt 20, Dembele 28 p)

“Istanbul BŞ” “Leipsig”: 3-4 (Kahweji 45+3, 72, 85 Poulsen 26, Mukiele 43, Olmo 66, Sorlot 90+1

“Mançester Ýunaýted” “Pari-Sen Žermen”: 1-3 (Reşford 32 Neýmar 6, 90+1, Markinios 69)

The post “Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi
“Real Sosiedaddan” taryhy ýeňiş