“Real Sosiedaddan” taryhy ýeňiş

UEFA Ýewropa ligasynda toparçadaky 3-nji oýunlar oýnalyp, “Stýaua”, “Arsenal”, “Lasio” hem-de “Zenit” toparlary bu tapgyrda-da ýeňiş gazandy.Tapgyryň iň köp golly duşuşygynda “Real Sosiedad” myhmançylykda ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýan “Wardary” 60 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, ispan topary myhmançylykda iň uly hasap bilen ýeňiş gazanan topar boldy.

Oýunda Willian Hoze 4 gol geçirdi. “Arsenal” myhmançylykda “Srwena Zwezdany” Oliwie Žirunyň owadan goly bilen 10 hasabynda utup, indiki tapgyra çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy. “Ewerton” topary bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmän 1 utukda galdy.

Tapgyryň iň gyzykly oýnunda “Lasio” myhmançylykda “Nissany” 31 hasabynda utdy.

Ýene degişli makalalar

“Milan” PSŽ-ni ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňdi
Marokkolylary fransuzlar duruzdy
Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Çelsi”
Ýene-de Stambul, ýene-de “Liwerpul”
Premier Ligada 34-nji ýerler ugrunda ýiti göreş
Sportuň taryhynda şu gün 30-njy sentýabr