Ýene-de Stambul, ýene-de “Liwerpul”

Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Beşiktaş Parkda” oýnalan UEFA Super kubogy duşuşygynda 2 iňlis kluby “Liwerpul” bilen “Çelsi” duşuşdy.Fransiýaly zenan Stefani Frapparyň eminlik eden oýnuna “Liwerpul” erjel başlady. Ýöne dessine özüni dürsän “Çelsi” ilkinji bolup hasaby açmagy başardy.

Oýnuň 36-njy minutynda täze transfer Pulişiçiň pasyndan soň, Oliwie Žiru londonlylary öňe saýlady. 1-nji ýarym 10 hasabynda “Çelsiniň” üstünliginde tamamlandy.“Liwerpul” 2-nji ýaryma gol bilen başlady.

Oksleýd Çemberleýniň ornuna oýna giren Firminonyň pasyndan soň, 48-nji minutda Sadio Mane hasaby deňledi.Soňky minutlarda-da iki topar hem edil 1-nji ýarymda bolşy ýaly, amatly pursatlary döretselerem ikisine-de hasaby üýtgetmek başartmady.

Netijede, oýnuň esasy wagty 11 deňlikde tamamlandy.Goşmaça 30 minutyň ilkinji 5 minutynda ýene-de Firminonyň pasyndan soň, Sadio Mane batly urgy bilen tapawutlanyp, “Liwerpuly” öňe saýlady.Bu goldan 5 minut soň, emin Frappar “Çelsiniň” peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny belledi.

Ony-da 111-nji minutda Jorjinio dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi.Galan minutlarda-da hasap üýtgemän, ýeňijini penalti urgulary kesgitlemeli boldy. 5 urgynyň iň soňkusynda “Çelsiniň” ýaş hüjümçisi Abram penaltini dürs urup bilmedi. Şeýlelikde, urgularyň hemmesini-de dürs ýerine ýetiren “Liwerpul” taryhynda 4-nji gezek UEFA Super kubogyna mynasyp boldy.

Stambulda 2-nji gezek (2005-nji ýylda Çempionlar ligasynda) kubok gazanan “Liwerpul” topary mundan ozal, 1977-nji, 2001-nji, 2005-nji ýyllarda UEFA Super kubogyny eýeläpdi, 1978-nji we 1984-nji ýyllarda-da ýeňlipdi.

Bu kubogy 1998-nji ýylda gazanan “Çelsi” 3-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy (2012, 2013, 2019).

Ýene degişli makalalar

92 ýyllyk Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek
Ilkinji zenan emin
Sportuň taryhynda şu gün 14-nji awgust
Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek...
Dortmundyň "Borussiýasy" ÇL-iň pleý-off tapgyrynda, "Krasnodar" - Ýewropa ligasynda oýnar
Türkiýe-Litwa futbol duşuşygy TRT 1 kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziler