Dortmundyň "Borussiýasy" ÇL-iň pleý-off tapgyrynda, "Krasnodar" - Ýewropa ligasynda oýnar

Dortmundyň "Borussiýasy" ÇL-iň pleý-off tapgyrynda, "Krasnodar" - Ýewropa ligasynda oýnar

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji aýlawyndaky oýunda Dortmundyň "Borussiýasy" Italiýanyň "Lazio" topary bilen öz meýdançasynda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy.

"Borussiýanyň" goluny duşuşygyň 44-nji minudynda Rafael Gerreýru geçirdi.Myhmanlardan jogap pökgüsini Çiro Immobile (67) geçirdi. “F” toparçada "Borussiýa" 10 utuk bilen öňdeligi saklaýar, 9 utuk bilen "Lazio", ondan soň Belgiýanyň "Brýuggesi" (7) bar.

Sanawyň ahyrynda Ýewro kuboklaryň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitiren Sankt-Peterburgyň "Zeniti" ýerleşýär.Rus kluby "Brýuggeden" uly hasap bilen utuldy (3:0). “Borussiýa” indi toparçada ikinji orundan aşak düşmez, sebäbi ol şahsy duşuşyklarda “Brýugge”-den üstün çykypdy (3:0 hasabynda iki ýeňiş bilen). Şeýlelikde, nemes topary Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna ýollanma aldy. "H" toparçada üç toparyň hersinde 9 utuk bar — Angliýadan “Mançester Ýunaýted”, Fransiýadan "PSŽ" we Germaniýadan “Leýpsig”. "Leipsig" çarşenbe güni bäş oýunda 3 utuk toplan we toparçada soňky orny eýelän türk topary "Stambul Başakşehiri" goşmaça wagtda uran goly bilen 4:3 hasabynda ýeňdi. "PSŽ" bolsa "Mançester Ýunaýtedden" 3:1 hasabynda üstün çykdy. “Çelsi” we “Sewilýa” öň 1/8 tapgyra çykmagy başarypdylar. “Çelsi” çarşenbe güni “Sewilýany” 4-0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ähli pökgini hüjümçi Oliwýe Žiru tora girizdi. “E” toparçanyň başga bir oýnunda "Krasnodar" "Rennden" (1:0) üstün çykdy we Ýewropa ligasyna ýollanma aldy.Bu rus klublarynyň Ýewropa ýaryşlaryndaky ýeke-täk ýeňşi boldy. “Çelsi” toparçada möhletinden öň birinjiligi eýeledi (13 utuk), “Sewilýa” - ikinji (10), “Krasnodar” - üçünji (4), “Renn” bolsa dördünji (1) orunda ýerleşýär. “G” toparçada "Barselona" we "Ýuwentus" hem pleý-off-a çykypdylar. "Barselona" bäşinji aýlawda wengriýaly "Ferenswaroşy" (3:0), "Ýuwentus" hem şeýle hasap bilen Kiýewiň "Dinamosyny" ýeňdi. “Ýuwentus” bilen “Dinamonyň” arasynda geçirilen oýunda Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek esasy emin zenan maşgala boldy - Stefani Frappar. "Barselonada" 15 utuk, "Ýuwentusda - 12, "Dinamoda" we "Ferenswaroşda" - 1 utuk bar. Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň altynjy aýlawynyň oýunlary 8-9-njy dekabr aralygynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Ýewro ― 2020-niň açylyş duşuşygynda Italiýa Türkiýäni uly hasap bilen ýeňdi
Italiýa Türkiýe: 3-0, Italiýa şowly başlady
De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy