Italiýa Türkiýe: 3-0, Italiýa şowly başlady

/* custom css */ .td_uid_19_60c4a3eb663cf_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c4a3eb663cf_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Futbol janköýerlerini köp garaşdyran baýramçylyga, 16-njy Ýewropa çempionatyna düýn Rimde badalga berildi. Çempionatyň ilkinji duşuşygynda Türkiýe bilen Italiýanyň ýygyndylary duşuşdylar.

Tutuşlygynda diýen ýaly italýanlaryň kontrollygynda geçen oýunda 3-0 hasabynda tamamlandy.Birinji ýayrmy golusz geçen oýunda Italiýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren 53-nji minutda Merih Demiral (öz derwezesinden), 66-njy minutda Çiro Immobile hem-de 79-njy minutda Lorenzo Insinýe derwezä girizdi. Şunlukda, 3-0 hasabynda Italiýanyň ýygyndysy çempionata ynamly başlady.

Duşuşygyň ýyldyzy diýlip Leonardo Spinazzola saýlandy.SANLAR, HASABATLAR * Italiýanyň ýygyndysy ilkinji gezek Ýewropa çempionatynyň bir duşuşygynda 3 gol geçirdi. * Italiýanyň ýygyndysy çempionatyň çäginde 39-njy oýnunda 17-nji ýeňşini gazandy. * Italiýanyň ýygyndysy soňky gezek 2018-nji ýylyň sentýabrynda ýeňlip, olaryň ýeňilmezekligi 28 oýna çykdy (23 ýeňiş, 5 deňlik). * Italiýanyň ýygyndysy yzly-yzyna 9-njy ýeňşini gazanyp, bu görkeziji toparyň taryhynda ilkinji gezek hasaba alynýar. * Merih Demiralyň geçiren goly çempionatyň çäginde öz derwezesinden girizilen 10-njy gol boldy. * Italiýanyň ýygyndysy Türkiýäniň ýygyndysyna özara 11-nji duşuşykda-da ýeňilmedi (8 ýeňiş, 3 deňlik). * Türkiýäniň ýygyndy soňky 21 oýunda 3-nji gezek utuldy. * Türkiýäniň ýygyndysy 5-nji gezek gatnaşýan çempionatynda birinji duşuşyklarynda ählisinde-de ýeňlişe sezewar boldy. * Fransiýaly Stefanie Frappar duşuşygyň 4-nji emini bolup, ol Ýewropa çempionatyndaky ilkinji zenan hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ýewro ― 2020-niň açylyş duşuşygynda Italiýa Türkiýäni uly hasap bilen ýeňdi
Mançini Italiýanyň ýygyndysynyň düzümini mälim etdi
Ýewro — 2020: Italiýa Türkiýäni ýeňdi. Şu güne üç oýun meýilleşdirilen
Dortmundyň "Borussiýasy" ÇL-iň pleý-off tapgyrynda, "Krasnodar" - Ýewropa ligasynda oýnar
Derbilerde ýer eýeleri ýeňiş gazandy
Italiýanyň Super Kubogyny “Ýuwentus” eýeledi, Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy