Ýewro — 2020: Italiýa Türkiýäni ýeňdi. Şu güne üç oýun meýilleşdirilen

Ýewro — 2020: Italiýa Türkiýäni ýeňdi. Şu güne üç oýun meýilleşdirilen

Ýewropa çempionaty — 2020-niň açylyş oýnunda Türkiýäniň milli ýygyndysy Italiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýun Rimdäki Olimpiko stadionynda geçip, italýanlaryň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 53-nji minudynda türk goragçysy Merih Demiral topy öz toruna gönükdirdi. 66-njy minutda italýanlaryň artykmaçlygyny Spinassolanyň hüjüminden soň ilkinji bolup ýetişen Çiro Immobile artdyrdy. 79-njy minutda üçünji pökgini Lorenzo Insinýe tora girizdi. Şeýlelik bilen, Italiýanyň milli ýygyndysy kontinental çempionatyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji üç utugy gazandy we A toparda birinji orunda ýerleşdi. Şu gün, 12-nji iýunda, bu topardan Uels bilen Şweýsariýa duşuşar. Şu gün şeýle hem Daniýanyň we Finlýandiýanyň, şeýle hem Belgiýanyň we Russiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Bu ýygyndylar B toparyny düzýär. Ýewro-2020 geçen tomus geçirilmelidi.Emma koronawirus pandemiýasy sebäpli ýaryş 2021-nji ýyla yza süýşürildi.Duşuşyklar 11-nji iýundan 11-nji iýul aralygynda Ýewropanyň birnäçe şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Italiýa Türkiýe: 3-0, Italiýa şowly başlady
Mançini Italiýanyň ýygyndysynyň düzümini mälim etdi
Derbilerde ýer eýeleri ýeňiş gazandy
Ýewro ― 2020-niň açylyş duşuşygynda Italiýa Türkiýäni uly hasap bilen ýeňdi
Italiýanyň Super Kubogyny “Ýuwentus” eýeledi, Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy
“Ýuwentusly” futbolçy ABŞ-nyň çempionatynda çykyş eder