Mançini Italiýanyň ýygyndysynyň düzümini mälim etdi

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky 10 duşuşygyny-da ýeňiş bilen tamamlan Italiýanyň milli ýygyndysyny düzümi mälim edildi.Golaýda şertnamasy 2026-njy ýyla çenli uzaldylan tälimçi Roberto Mançini 33 oýunçydan ybarat giňeldilen düzümi habar berdi. 56 ýaşyndaky tälimçi düzüme “Çelside” oýnaýan ozal ýygyndyda telim gezek çykyş eden Emerson, Žoržinio, Romadan Stefan El Şaarawi, “Milanyň” kapitany Alessio Romanýoli ýaly oýunçylary çagyrmady. Çagyrylan futbolçylaryň hatarynda Jorjio Kiellini, Leonardo Bonuççi ýaly tejribeli goragçylar, PSŽ-den Florenzi, Weratti, Moýza Ken, şol sanda Immobile, Kieza, Berardi ýaly futbolçylar bar.

Tälimçi 1-nji iýulda sanawy 26 futbolça düşürer.

DERWEZEÇILER: Salwatore Sirigu, Janluiji Donnarumma, Alessio Kranýo, Aleks Meret

GORAGÇYLAR: Jorjio Kiellini, Leonardo Bonuççi, Alessandro Florenzi, Françesko Açerbi, Leonardo Spinazzola, Kristiano Biragi, Jowanni Di Lorenzo, Janluka Mançini, Alessandro Bastoni, Manuel Lazzari, Rafael Toloi

ÝARYMGORAGÇYLAR: Marko Weratti, Nikolo Barella, Lorenzo Pellegrini, Braýan Kristante, Manuel Lokatelli, Stefano Sensi, Matteo Pessina, Gaetano Kastrowilli

HÜJÜMÇILER: Çiro Immobile, Lorenzo Insinýe, Andrea Belotti, Federiko Bernardeski, Federiko Kieza, Domeniko Berardi, Moýza Ken, Winçenzo Grifo, Matteo Politano, Jakomo Raspadori

Ýene degişli makalalar

Ýewro — 2020: Italiýa Türkiýäni ýeňdi. Şu güne üç oýun meýilleşdirilen
Italiýa Türkiýe: 3-0, Italiýa şowly başlady
47 ýyldan soň 2-nji çempionlyk
Şu möwsümde ähli topary ýeňdi
31-nji kluby bilen şertnama baglaşdy
Çagasynyň sirobyny içip, dopingli çykdy we futboly taşlady